Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Siriýadaky graždan urşy soňlamak üçin 'real şansyň' bardygyny aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýadaky graždan urşy soňlamak üçin “real şansyň” bardygyny, emma konfliktden syýasy çykalganyň oňa gatnaşýan ähli tarapdan, şol sanda Moskwanyň goldawyna daýanýan Siriýanyň hökümetinden barlyşygy talap edýändigini aýtdy.

Putin bu çykyşyny 22-nji noýabrda Eýranyň we Türkiýäniň prezidentleri bilen Soçi şäherinde geçiren gepleşikleriniň başynda etdi.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunyň dowamynda Orsýet we Eýran prezident Başar al-Assadyň hökümetini goldaýarlar, Türkiýe we ABŞ Assadyň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edýän dürli gozgalaňçy toparlary goldaýarlar.

Ekstremist “Yslam döwleti” topary Siriýadaky konfliktiň ähli taraplaryna garşy söweşýär.

XS
SM
MD
LG