Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow MHM-den 'reformalary bökdejek ýagdaýlaryň' öňüni almagy talap edýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. 21-nji noýabr, 2017 ý. TDH-nyň fotosuraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 21-nji noýabrda geçirilen göçme mejlisinde ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň esasy wezipelerini ýene bir gezek ýatlatdy, ýagny bu edaranyň “özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine ýaramaz täsir ýetirýän ýagdaýlary aradan aýyrmalydygyny” nygtady.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habarlar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowyň ozalky berlen tabşyryklary ýerine ýetirişi baradaky hasabatyny diňläp, döwletiň kuwwatynyň we howpsuzlygynyň esaslary, olary berkidýän möhüm reformalary goramak barada durup geçdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, howpsuzlyk ministrligi reformalaryň “maksadalaýyk durmuşa geçirilmegine ýaramaz täsir etjek ýagdaýlary öz wagtynda ýüze çykarmaly”. Şol bir wagtda habarda reformalaryň durmuşa geçirilmegine zyýan ýetirip biljek nähili ýagdaý barada gürrüň gidýändigi anyklaşdyrylmaýar.

Ikinji tarapdan, bu tabşyryk noýabr aýynda ýurtda galan az sanly aktiwistleriň ikisine – Azatlyk radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa näbelli erkekler tarapyndan, haýwan haklaryny goraýjy Galina Kuçeronka häkimiýet wekilleri tarapyndan haýbat atylan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Berdimuhamedow fewral aýynda gaýtadan hökümet düzende, howpsuzlyk ministrliginiň konstitusion gurluşy goramak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýeti töwekgelliklerden goramak üçin, dowam edýän global ykdysady krizisiň ýurda ýetirmegi mümkin negatiw täsirini analizlemeginiň hem zerurdygyny aýtdy.

Ekspertleriň pikirine görä, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär we hökümet nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy, ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi hem-de döwlet serişdeleriniň uzak ýyllar ýerliksiz harçlanmagy netijesinde çuňlaşan problemalary ýönekeý ilatyň hasabyna çözmäge çalyşýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, häzir alnyp baruylýan ýolagçy we transport barlaglary diňe adminstratiw çäklerde däl, eýsem esasy ýollarda, uly çatryklarda, ilatly nokatlara girilýän ýerleriň hem bir toparynda geçirilýär; Aşgabadyň töwereklerinde wagtlaýyn barlag nokatlary, şeýle-de göçme gözegçilik toparlary hereket edýär, olary bir ýerden başga ýerlere geçirip durýarlar.

Şeýle-de çeşme Gurtly kölüniň töwereginiň, halkara uçar menziliniň ýakynlarynyň, şähere girilýän ýerleriň we Garagum kanalyndan geçilýän köprüleriň ählisiniň örän berk kontrollyk astynda saklanylýandygyny habar berdi.

Mundanam başga, “Owdandepe” türmesiniň daşyndaky goragyň düýpli güýçlendirilendigi aýdylýar.

Çeşmäniň maglumatyna görä, goragyň güýçlendirilmegi türmäniň içinden guralmagy mümkin hüjüm aladalary bilen bagly. “Ol ýerde yslamçy tussaglaryň uly topary saklanylýar we bu ýagdaý häkimiýetleriň aladasyny gytaklaýayn tassyklaýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Başga bir tarapdan, döwlet diwanyndaky ikinji bir çeşmäniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, häkimiýetler soňky döwürde görlen we halk köpçüligine ýaramaýan ykdysady çäreler zerarly sosial nägilelikleriň möwjäp galmagyndan barha köp alada galýarlar we olaryň öňüni almaga çalyşýarlar.

Berdimuhamedow MHM-niň işgärlerini bu edaranyň döredilmeginiň 26 ýyllygy bilen gutlanda, beýleki hukuk goraýjy organlaryň hatarynda, korrupsiýa, parahorluga garşy alnyp barylýan göreşi güýçlendirmäge, bu hili ýaramaz hadyslary köki-damary bilen ýok etmäge hem çagyrypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG