Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň sufi metjidine edilen hüjümde azyndan 305 adam öldürildi


Müsüriň sufi metjidine edilen hüjümde ýüzlerçe adam öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Müsüriň sufi metjidine edilen hüjümde ýüzlerçe adam öldürildi

Müsüriň harbylary uruş uçarlarynyň Sinaý ýarymadasynyň demirgazyk bölegindeki sufi metjidine edilen hüjümde ulanylan birnäçe maşyna hüjüm edendigini aýdýar.

Harbylaryň 25-nji noýabrdaky beýanatynda bu awtoulaglaryň “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileridir diýip güman edilýän söweşijileriň bir gün ozal, El-Ariş welaýatynyň 40 kilometr uzaklygyndaky Bir al-Abd şäherinde hüjüm eden metjidiniň golaýynda bolandygy aýdylýar.

Häkimiýetler 24-nji noýabrda jeňçileriň juma namazy mahalynda partladyjy enjamlar we hüjüm ýaraglary bilen amala aşyran hüjümleri netijesinde azyndan 235 adamyň öldürilendini, 109 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Şu aralykda, Müsüriň prokurorlary hüjüm netijesinde ölenleriň sanynyň 305-e barandygyny, olaryň arasynda 27 çaganyň hem bardygyny aýtdy.

Prokuraturanyň beýanatynda bu hüjüme gatnaşanlaryň 25-30 çemesi adamdygy, olaryň YD ekstremist toparynyň baýdagyny galdyrandygy aýdylýar. Ölenlerden başga, hüjümde 128 adamyň ýaraly bolandygy habar berilýär.

Bu yslamçy ekstremistleriň häzirki zaman Müsüriniň taryhynda gurnan iň ganly hüjümi diýip bilinýär.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady. Emma häkimiýetler bu hüjümi YD ekstremist toparynyň ýerli bölüminden görýärler. Sünni yslam ekstremistleri, şol sanda YD jeňçileri sufileri dinden çykan hasaplaýarlar.

Harbylar 2013-nji ýylda “Musulman doganlygyny” häkimiýetden agdaranyndan soň, Müsür Sinaý ýarymadasyndaky YD toparçagy tapyndan ýolbaşçylyk edilýän pitneçilige garşy söweşýär.

Sinýada emele gelen petik netijesinde ýüzlerçe adam öldürildi. Ýurduň hristian azlygyny gorkuzmak üçin ybadathanalarda gany partlamalarywe howpsuzlyk güýçlerine garşy ýaragly gurnamak bilen,jeňçiler Müsüriň beýleki künjeklerinde hem hüjümlerini ýygjamlatdylar.

Müsüriň hökümeti 24-nji noýabrdaky ganly hüjümden soň üç günlük ýas yglan etdi.

Müsüriň prezidenti Abdel Fattah al-Sisi bu hüjümden gysga wagt soň adatdan daşary howpsuzlyk maslahatyny çagyryp, "Bu terror aktyna şol terrorçylara garşy berk güýç bilen jogap bermek” wadasyny berdi.

"Sinýada bolup geçýän zatlar biziň terrorçylyga garşy edýän tagallalarymyzyň hakyky şöhlelenmesi bolup durýar, biz söweş gurýarys we biz özümiz bilen söweşýäris” – diýip, Sisi döwlet telewideniýesinde berlen beýanatynda aýtdy.

"Müsür regionyň adyndan we bütin dünýäniň adyndan terrorizme garşy durýa” diýip, Sisi aýtdy. “Şu sebäpden bu bolýan zatlaryň ählisi biziň terrorizme garşy alyp barýan göreşimizi, öz sebitmizde galan zatlary weýran etmek maksadyndan ugur alýan aýylganç jenaýatçylary duruzmak üçin görýän çärelerimizi goýdurmak üçin edilýär.”

“Associated Press” üç sany polisiýa ofiserine salgylanyp, hüjümçileriň üç sany ýolsuz ýerden sürülýän maşynly gelip, metjidiň daşynda partlaýjylary ýanadygyny we soňra onuň içine zabt edendigini, juma namazyna duran adamlary oka tutandyklaryny habar berdi.

Metjidiň esasy ruhanysy şeýh Mohamed Abdel Fatah Zowraik metjidiň içine hüjüm edenleriň ondan gowrak bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu hüjümi ýazgardy we Sisä gynanç bildirmek üçin telefon etdi.

"Dünýä terrorizme çydamlylyk edip bilmez, biz olary harby güýç bilen ýeňmeli hem-de olaryň saklanyp galmagyna esas berýän ekstremist ideologiýasyny puja çykarmaly” diýip, Tramp twitterde ýazdy.

XS
SM
MD
LG