Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli milliarder Usmanow: Men Özbegistanyň dünýä açylmagyna kömek edýärin


Russiýaly milliarder Alişer Usmanow

Russiýaly milliarder Alişer Usmanow öz ýurdy Özbegistanyň täze liderine daşky dünýä açylmaga ýardam berip, ol özbek ykdysadyýetine “başardygyndan” goşant goşjakdygyny Reuters bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Metal senagatyndan gurplanan tüçjar baý, şol bir wagtyň özünde “Arsenal” futbol toparynyň ýarym-eýesi Usmanow geçirilen gürrüňdeşligiň dowamynda, özbek liderleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ilkinji gezek aç-açan tassyklady.

Usmanowyň goldawy ýurdy çärýek asyrlap sowet stilinde alnyp barlan repressiw syýasatdan halas etjek bolýan, ýöne şol bir wagtyň özünde käbir içerki garşydaşlarynyň basyşyna duçar bolýan Şawkat Mirziýoýewi güýçlendirmegi mümkin.

Reuters bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Usmanow: “Men mümkin boldugyndan Özbegistana kömek etmäge taýýar we men bireýýäm olar bilen arkalaşýaryn. Bu günki gün meniň edýän zadym ugrukdyrmak, maslahat bermek we haýyr-sahawat taslamalaryna gatnaşmak” diýdi.

Haçan-da, onuň Özbegistana näçeräk maýa goýumlary goýmaga isleg bildirýändigi barada soralanda ol “başardygymça” diýip jogap berdi.

Ol sermaýa goýumlary barada giňişleýin maglumat bermese-de, Öbegistan bilen Orsýetiň USM atly holding kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny aýtdy. Usmanow USM-iň girdejileriniň 49 göterimine şäriklik edýär we şol sanda Özbegistanda metal zawodlary bar. Ol gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

64 ýaşly Usmanow Orsýetiň bäşinji iň baý biznesmeni bolup, Forbes žurnalynyň rus neşiri onuň baýlygynyň 15.2 milliard amerikan dollary töweregindedigini çaklaýar. Bu görkeziji Özbegistanyň jemi içerki önüminiň takmynan 5-den 1 bölegine deňdir.

Usmanow Özbegistanda doguldy, ýöne ol heniz ýaş wagty Orsýete göçüp bardy. Onuň baýlygy Orsýetiň iň uly demir öndürijisi “Metalloinvestiň” girdejileriniň ýarysyny, şeýle-de telekom we internet emläkleriniň girdejilerini öz içine alýar.

Ilatynyň agramly bölegi musulmanlardan düzülen Özbegistan 1991-2016-njy ýyllar aralygynda Orsýete we Günbatara ynamsyz garan Islam Kerimow tarapyndan dolandyryldy. Ol ykdysadyýeti berk gözegçilikde saklap, dürli pikirliligi basyp ýatyrypdy.

Ol geçen ýylyň sentýabr aýynda ölende, ýurtda uzak wagtlap premýer-ministr wezipesinde işlän Mirziýoýew onuň ýerine geçdi. Mirziýoýew käbir ykdysady reformalary geçirdi, kapitala gözegçiligi aradan aýyrdy we özge ýurtlar bilen ozalky selçeň gatnaşyklary ösdürdi.

Gyssagly reformalar

“Men maliýe reformalary babatda häzirki ýolbaşçylaryň batyrgaýdygyna berk ynanýaryn. Men ilkibaşda bu reformalar beýleki döwletlerde bolşy ýaly üç ýyla, bäş ýyla çeker öýdýärdim. Ýöne bu ýerde ýagdaý bir ýylda çözüldi” diýip, biznesmen aýtdy.

“Ozallar her kim Özbegistana maýa goýmakdan gorkardy, sebäbi ol ýerde girdejiniň gaýtaryp berilmegi boýunça mehanizm ýokdy. Bu günki gün kanunçylyk nukdaýnazardan bu mesele çözüldi diýen ýaly. Şu ýagdaýlar Özbegistan üçin iňňän uly reformalardyr” diýip, ol aýtdy.

Mirziýoýewiň reforma meýilnamalary döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny öz içine alýar.

Kerimowyň döwründe Usmanow özbek häkimiýetleri bilen ýakyn gatnaşyk saklamaýardy. Hatda ol Mirziýoýew prezident bolanyndan soňam, Özbegistanyň syýasy durmuşyna goşulmakdan saklandy.

Oktýabr aýynda onuň metbugat edarasy Reuters-e “bu meselede ýaýradylýan myş-myşlar hakykata gabat gelmeýär” diýipdi. Ýöne Usmanowyň özi, eger ondan kömek sorasalar ýardam bermäge taýýardygyny aýdýar.

Usmanow bilen täze prezidentiň arasyndaky gatnaşyklaryň alamatlary göze ilip başlady. Sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Mirziýoýew Usmanowyň hususy Airbus uçaryndan peýdalandy. Ýurduň howaýollary kompaniýasy agzalýan uçary bazar bahasyndan töläp, kireýine ulanandyklaryny mälim etdi.

Bu gürrüňler barada soralanda Usmanow Reuters-e “Mirziýoýewiň sapary boýunça bu karar kabul edilende men şol ýerdedim. Geçilmeli ýol uzak bolany üçin, bu uçuşa zerur amatly şertlerde uçar olarda ýokdy. Men uly höwes bilen uçarymy mugtuna bererdim, ýöne Özbegistan işiň söwda esaslaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny isledi. Bu şeýle-de boldy” diýip gürrüň berdi.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, Mirziýoýewiň aýalynyň ýegeni Diora Usmanowyň ýegeni Babura durmuşa çykan ekeni. Babur 2013-nji ýylda ulag heläkçiliginde wepat boldy.

Bu gürrüňler dogrumy diýip soralanda Usmanow “Diora indi meniň ýegenimden yza galan naçar däl, ol başga bir adamyň ýanýoldaşy boldy we men oňa bagt arzuw edýärin” diýdi.

Usmanow yslamyň medeni mirasynyň merkezleri bolan Buhara, Samarkant we Daşkent şäherlerindeki taryhy ýerleri abatlamakda özbek hökümeti bilen bireýýäm işleşip başlandgyny mälim etdi.

Ol eger-de Özbegistan maýadarlar üçin ygtybarly klimaty döredip, olaryň kapitalyny gorap bilse, başga-da köp döwlet Özbegistana maýa goýmaga isleg bildirer diýdi.

“Meniň pikirimçe, bu prezidentiň öz öňünde goýan maksatlary we olary durmuşa geçirer. Men bu mesele boýunça elimden geldiginden kömek ederin” diýip, Usmanow aýtdy.

Ol öz watandaşlaryndan, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan özbeklerden öz dogduk diýarlarynyň gülläp ösmegi we syýasy taýdan adalatly bolmagy üçin, goşant goşmaga çagyrdy.

“Men bu ugurda özümde jogapkärçilik duýýaryn, sebäbi pensiýa ýaşymda meniň edip biläýjek zadym kömek etmek we öz tejribelerimi paýlaşmak” diýip, Usmanow belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG