Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilaty 1690 adam köpeldi


Türkmenistanlylar
Türkmenistanlylar

Türkmenistan 8-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 1690 adamy Türkmenistanyň raýatlygyny kabul etdi.

TDH habar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu baradaky karara anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekendigini habar berdi.

Daşary işler ministri Reşid Meredowyň hökümet mejlisinde beren habaryna görä, raýatlyga kabul edilenler 21 milletiň wekili bolup, olaryň 1,165-si uly adam, 525-si bolsa heniz kämillik ýaşyna hem ýetmändir.

Şeýle-de habarda Türkmenistanyň 2011-2016-njy ýyllaryň dowamynda 6 müň 455 adamy raýatlyga kabul edendigi bellenilýär. Emma soňky 26 ýylda Türkmenistandan çykyp giden we başga ýurtlaryň raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň sany, şol sanda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG