Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýedi ýüze golaý tussagyň günäsi geçildi


Türkmen türmesi. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda, halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, 697 raýatyň günälerini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Günäleri geçilen tussaglar galan jezalaryny çekmekden boşadylýar we, prezidentiň tabşyrygy boýunça, 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününden öň maşgalalaryna birikmeli.

Türkmenistanda uly baýramçylyklara gabat tussaglaryň günäsini geçmek däbe öwrüldi. Berdimuhamedow oktýabr aýynda, Garaşsyzlyk gününe gabat 1636 tussagyň günäsini geçdi. Iýun aýynda bolsa, Gadyr gijesiniň hormatyna 1029 raýatyň günäsi geçildi.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurt hasaplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG