Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan jemi içerki önüm ösüşiniň 6.5% bolandygyny aýdýar


Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasy 10 manatdan aşdy.
Türkmenistanyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasy 10 manatdan aşdy.

Türkmen metbugaty ýurtda 2017-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça JIÖ-niň ösüş derejesiniň 6,5% bolandygyny habar berýär.

Türkmen hökümetiniň 8-nji dekabrda geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä,geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi.

Şeýle-de habarda ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,9% köpelendigi bellenýär.

Bu ösüş sanlarynyň yglan edilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öňden gelýän kadr çalyşmalaryny, berk käýinç we soňky duýduryş bermek praktikasyny dowam etdirip, hökümetiň dört ministrini täzeledi, ençeme resmä soňky duýduryşyny berdi.

Şu aralykda ýurduň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasy 10 manatdan aşdy, emma resmi kurs 3,5 manat möçberinde saklanylýar, durmuşyň barha gymmatlaýandygy, iş ýerleriniň kemeldilýändigi barada inkär edilmeýän maglumatlar bar.

XS
SM
MD
LG