Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň resmileri Putiniň Orsýetiň goşunlaryny Siriýadan çykarmak kararyna ynamsyzlyk bildirdiler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýadaky Hmeimim harby bazasynda, 11-nji dekabr, 2017
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Siriýadaky Hmeimim harby bazasynda, 11-nji dekabr, 2017

ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň orsýet goşunyny Siriýadan bölekleýin çykarmak kararyna ynamsyzlyk bildirip, hususan-da, “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna garşy göreşde ýeňişi yglan etmekden irdigini bellediler.

Putin Orsýetiň Siriýadaky Hmeimim harby bazasyna 11-nji dekabrda eden duýdansyz saparynyň dowamynda harbylaryň çykarylmagyna görkezme beripdi we Orsýetiň hem Siriýanyň güýçleriniň “söweşiji halkara terrorist toparlarynyň aglabasyny ýumurandygyny” aýtdy.

ABŞ-nyň resmileri 12-nji dekabrda Putiniň aýdanlaryna şübhe bildirdiler.

“Biz Orsýetiň YD topary babatynda ýeňişi yglan etmegi wagtyndan ir diýip, pikir edýäris” diýip, Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça metbugat wekili aýtdy.

ABŞ-nyň resmileriniň AFP habar agentligine aýtmagyna görä, Waşington Putinden “goşun çykarmak barada aýdanlaryny” berjaý edip, Siriýadaky ençeme uçaryny çykarmagyna, mundan soň ABŞ-dan Siriýadan goşun çykarmagyny talap etmegine garaşýar.

XS
SM
MD
LG