Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Býujet işgärleri saglyk ätiýaçlandyryş depderçesini açmaga mejbur edilýär


Türkenistandaky saglyk işgärleri we türkmen ýaşulusy. Arhiwden alnan surat
Türkenistandaky saglyk işgärleri we türkmen ýaşulusy. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ählisi saglyk ätiýaçlandyryş depderçesini açmaga mejbur edilýär. Bu waka ýurtda saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň 50% ýokarlandyrylmagyndan bir ýarym aý çemesi soňky wagta gabat geldi.

Azatlygyň biri-birinden garaşsyz iki ýerli çeşmesiniň tassyklamagyna görä, ozal býujet işgärleri saglyk ätiýaçlandyryş depderçesini açdyrman bilýärdiler. Ýöne indi bir hepdä golaý wagt bäri döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary işgärleri saglyk ätiýaçlandyryş depderçesini açmaga mejbur edýärler.

“Eger döwlet edarasynda işleýän bolsa, bu ýerde haýsy wezipäni eýeleýändigi hakynda gürrüň ýok, ýylyň tamamlanmagyna 20 gündenem az wagt galanda, işgärlerden iki surat getirmegi talap edýärler. Şol suratlary edaranyň hasaplaşyk bölümine eltip bermeli. Şol ýerde-de saglygy ätiýaçlandyryş pasportyny açmak üçin gerekli dokumentleri berip, ýyl çalyşýança aýlygyň 3%-ni töläp, ony almaly. Eger edarada işlejek bolsaň, onda hökmany şeýle edäýmeli” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol öň pensiýa ýaşyna ýeten býujet işgärleriniň ýurduň Pensiýa fondunyň üsti bilen özlerine saglyk ätiýaçlandyryş depderçesini açdyrandygyny, indi olaryň bu depderçeleriniň hasap edilmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

“Indi täze ýyldan başlap, eger pensioner işleýän bolsa, onda beýleki işgärler bilen deň derejede işleýän ýerinden özüne saglygy ätiýaçlandyryş depderçesini açdyrmaly hem-de aýlygynyň 3%-ni tölemeli” diýip, Bugaýew aýtdy.

Azatlygyň ýagdaýdan habarly ýene bir çeşmesi aýtmagyna görä, türkmen resmileri bu çäräniň sebäplerini “hormatly prezidenti” goldamak bilen düşündirýärler, ýöne munuň nähili goldawdygy we näme sebäpden amala aşyrylýandygy barada jikme-jik maglumat bermeýärler.

Belläp geçsek, býujet işgärlerinden edilýän bu täze talap, ýurtda 1-nji noýabrdan başlap, saglyk ätiýaçlandyryş tölegleriniň 50% ýokarlandyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundan ozal, saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri üçin býujet işgärleriniň aýlyklarynyň 2%-ni saklanan bolsa, bu tutum 3%-e barabar edildi. Döwlet edara-kärhanalarynda işlemeýän raýatlaryň saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri bolsa, 15 manatdan, 21 manat 50 teňňä ýokarlandyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda býujet işgärlerinden öz islegine garamazdan aýlyklaryndan saklanylýan başga-da tölegler ýa-da tutumlar bar. Döwlet işgärleri käbir beýleki tölegler bilen bir hatarda, her aý öz aýlygynyň 1%-ni Kärdeşler birleşigine geçirmeli, ýylda ortaça 200 manady gazet-žurnallara abuna ýazyşlyga tölemeli, ýylda 124 manady şäheri abadanlaşdyrmak çäresi üçin tölemeli bolýarlar.

Galyberse-de, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda ilata indi 25 ýyla golaý wagt bäri ‘mugt’ berilen hyzmatlar tölegli edildi, jemgyýetçilik awtobus gatnawlarynyň tölegleri 30 teňňeden 50 teňňä, çagalar baglarynyň tölegleri 10 esse ýokarlandyryldy.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň döwlete degişli edara-kärhanalarynda işgärleriň sanynyň kemeldiljekdigi mälim edilip, işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi ýaly wakalar hem ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Şeýle-de ýurtda un, şeker we ösümlik ýagy ýaly käbir günübirin ulanylýan harytlaryň gytçylygy hem dowam edýär.

XS
SM
MD
LG