Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ybadathana edilen hüjümde ýedi adam öldürildi


Balujystan welaýatynyň içeri işler ministri Sarfaraz Bugti

Pakistan resmileri ýurduň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde janyndan geçenleriň ybadathana eden hüjüminde azyndan ýedi adamyň öldürilendigini, 30 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Balujystan welaýatynyň içeri işler ministri Sarfaraz Bugti17-nji dekabrda welaýat paýtagty Kwettadaky Betel memorial metodist ybadathanasyna edilen hüjüme azyndan iki jeňçiniň gatnaşandygyny aýtdy.

Bugti bir bombaçynyň ybdathanayň derwezesiniň agzynda, 400 çemesi erkek, aýal we çagalar Kritstmas baýramçylygynyň öňünden Ýekşenbe çäreleri üçintoplananda, olaryň ýanynda özüni partladandygyny aýtdy.

Beýleki hüjümçi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi diýip, ol aýtdy.

Ýaralylar şäheriň esasy hassahanalaryna ugradyldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady.

XS
SM
MD
LG