Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ owgan gýüçlerini öwýär, "Talybany" parahatçylyga çagyrýar


Owganystan, ABŞ-nyň goşun generaly Jon Nikolson Logardaky harby türgenleşikden soň, 30-njy noýabr, 2017.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti owgan goşunlarynyň söweş meýdanlaryndaky üstünliklerini öwdi wetalyban pitneçilerini Kabuldaky hökümet bilen gepleşikler arkaly “parahatçylyk we syýasy kanunylyk” ýagdaýyna gelmäge çagyrdy.

Bu bellikler şu hepde Pentagonyň prezident Donald Tramp 21-nji awgustda Owganystan we Günorta Aziýa üçin täze strategiýany jar edeli bäri ilkinji gezek Kongrese beren ýarym ýyllyk hasabaty bilen baglylykda aýdyldy.

Pentagonyň 15-nji dekabrda Kongrese beren hasabatynda aýdylmagyna görä, ABŞ we owgan goşunlary bu gezekki söweş möwsüminde öňki gezekkiden has kän üstünlik gazandy.

“Hasabat döwründe [1-nji iýundan 30-njy noýabra çenli aralyk, 2017], “Talyban” welaýat merkezleriniň hiç birine sürnüp bilmedi, esasy etraplara kontrollygyny ýitirdi, owgan goşunlary esasy ilatly merkezleriň ählisine kontrollygy yzyna aldy” diýip, hasabatda aýdylýar.

Owganystandaky amerikan komandirleri tomsuň başynda bu ýurtdaky konfliktiň “doňandygyny”, owgan howpsuzlyk güýçleriniň “Talybany” we ýurtdaky beýleki ekstremist toparlary yzyna serpikdirjek bolup çytraşýandyklaryny aýdypdylar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Trampyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ syýasatyndaky esasy özgerişlik “ozalky strategiýadaky wagt-esasyndaky çemeleşmeden şertler esasyndaky çemeleşmä” geçilmegi bilen bagly.

“Biziň Owganystandaky maksadymyz şol öňküliginde galýar” diýip, hasabatda aýdylýar. Bu “Owganystanyň ýene-de terror toparlarynyň mesgen tutup, ABŞ-a ýa-da biziň ýaranlarymyza, daşary ýurtlardaky raýatlarymyza hüjüm planlaşdyrýan ýerine öwrülmeginiň öňüni almak” diýip, hasabatda bellenilýär.

Maksat2001-nji ýyldaky görnüşinde galýar: “durnukly, goňşulary oňşukly garaşsyz Owganystan” diýip, hasabatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG