Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ybadathana edilen hüjümde ýedi adam öldürildi


Pakistan. Ybadathana gelenler gyssagly ewakuasiýa edildi.
Pakistan. Ybadathana gelenler gyssagly ewakuasiýa edildi.

Pakistan resmileri ýurduň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde janyndan geçenleriň ybadathana eden hüjüminde azyndan ýedi adamyň öldürilendigini, 30 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Balujystan welaýatynyň içeri işler ministri Sarfaraz Bugti 17-nji dekabrda welaýat paýtagty Kwettadaky Betel memorial metodist ybadathanasyna edilen hüjüme azyndan iki jeňçiniň gatnaşandygyny aýtdy.

Bugti bir bombaçynyň 400 çemesi erkek, aýal we çagalar Kristmas baýramçylygynyň öňünden Ýekşenbe çäreleri üçin toplananda özüni partladandygyny aýtdy.

Beýleki hüjümçi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi diýip, ol aýtdy.

Welaýat polisiýasynyň başlygy Moazzam Ansari pidalaryň ählisiniň ybadathana binasynyň içinde bolandygyny, janyndan geçen bombaçynyň özüni derwezede partladandygyny aýtdy.

"Adamlaryň ölümine esasan derwezeden we aýnalardan syçran gyýçaklaryň salan ýaralary sebäp boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ölenleriň arasynda iki sany aýal hem bar.

Ýaraly bolanlar gyssag bilen şäheriň esasy hassahanalarynda ugradyldy. Olaryň birnäçesiniň ýagdaýy agyr diýip, polisiýanyň maglumatynda aýdylýar.

Pakistanyň uly derejeli resmileri tarapyndan ýazgarylan hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mohammed Faisal twitterde “Pakistanyň terrorizme garşy aýgytlylygy bu hili namart hereketler bilen togtadylyp bilinmez” diýdi.

Hristianlar Pakistanyň 200 million ilatynyň 1.6 prosentini düzýär. Beýleki dini azlyklar bilen bir hatarda, bu jemagat yslamçy jeňçileriň kemsitmeleri we hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Owganystan we Eýran bilen araçäkleşýän, tebigy serişdelere baý Bulujystan 2004-nji ýyldan bäri mezhep zorluklary, yslamçy jeňçileriň hüjümleri we separatist gozgalaňlary zerarly müňlerçe adamy ýitirdi.

25-nji noýabrda, janyndan geçen bombaçy Kwettanyň eteginde goşun awtoulagyna hüjüm edende azyndan dört adam öldi, 20-den gowrak adam bolsa ýaralandy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini pakistan “Talybany” öz boýnuna aldy.

XS
SM
MD
LG