Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri 20-nji dekabrda Bakuwda duşuşyk geçirýärler.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligi üç ýurduň ministrleriniň “regional hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmagyň mümkinçilikleri” barada pikir alyşjagyny habar berdi.
Duşuşygyň gatnaşyjylary tranzit, transport, energýa we gümrük ýaly dürli ykdysady ugurlara degişli giň göwrümli meseleleri ara alyp maslahat ederler diýip, Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Elmar Mammadýarowyň, Mohammad Jawad Zarifiň we Mewlut Cawuşoglunyň gepleşileriň netijesinde bilelikdäki metbugat-konferensiýasyny geçirmegine garaşylýar.
Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň daşary işler ministleri 2011-nji ýyldan bäri bäşinçi gezek üç bolup duşuşýarlar.