Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boldumsaz: Töleg depderçesini täzelemedik hojalyklara gazdan kesilmek haýbaty atylýar


Türkmenistan. Saryja obasynda ulnaylýan gaz peji.
Türkmenistan. Saryja obasynda ulnaylýan gaz peji.

Ýurduň demirgazygyndaky Boldumsaz etrabynyň gaz edarasy gaz ulanyjylaryň täze ýyl üçin täze gaz-taslama depderçelerini satyn almagyny talap edýär.

Gaz edarasynyň täze karary esasynda ýaşaýjylar öý ýaşaýan jaýlarynyň gaz-taslama depderçesini täzelemeli we täze depderçe olara 160 manada düşýär, bu Täze ýyl baýramçylygynda saçak bezemäge taýýarlanýan goly ýuka maşgalalara garaşylmadyk ‘sowgat’ boldy diýip, Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.

Daşoguz welaýaty Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň iň ýokary ýerleriniň biri hasaplanýar we asly daşoguzly ykdysatçy Hudaýberdi Orazow soňky ýyllarda bu sebitden Aşgabada we daşary ýurtlara iş gözläp gidýänleriň görülmedik derejede köpelendigini aýdýar.

Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow daýhan birleşiginde ýaşaýan Gadam aganyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, gaz-taslama depderçesi öňden bar bolan ýaşaýjylar hem, 160 manat töläp, täze depderçe almaly.

“2018-nji ýyl üçin täze depderçe almadyk hojalyklara täze ýyldan gazlarynyň kesiljekdi duýduryldy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Bu gyş türkmenistanlylar üçin has sowuk gelen ýaly boldy, sebäbi olar indi gazy, elektrik energiýasyny örän tygşytly ulanmaly, ýogsa täze nyrhlar ‘gaty dişleýär’ diýip, Azatlygyň başga bir çeşmesi aýtdy.

“Howa sowuk, gaz we elektrik energiýasy her gün gerek, öýde çagalar, aýal-gyzlar, garrylar bar, üstesine işsizlik zerarly hemme kişi her gün gurply nahar hem iýip bilmeýär, aç bolsaň sowuk edil içiňden geçip barýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk radiosy bilen anonimlik şertlerinde gürleşen daşoguzly ýazyjy häzir Türkmenistanda, hususan-da Daşoguz welaýatynda adamlara gazdan kesilmek haýbatynyň atylmagynyň “ölüm’ haýbatyny atmaga golaýdygynyaýtdy.

“Adamlar näme alaç etjeklerini bilenoklar, ‘wah, täze ýyl harajatlary üçin tygşytlan 200 manatjygymyzy hem elimizden aldyrdyk, işimiz bolsa beýle gynanmazdyk’ diýýärler” diýip, Gadam aga Azatlyk radiosyna aýtdy.

Bellemeli ýeri, bu hili garaşylmadyk ýa o diýen logika gelmeýän talaplar türkmenistanlylar üçin täzelik däl.

“Golaýda gül ýaly işläp duran elektrik ölçeýji guralymyzy täzeletdiler, ýagny sanly hasaplaýjy aldyrdylar, munuň üstesine bazarlardaky nyrhlar hem ýokarlanyp gidip otyr. Her aý talanan ýaly bolýarys, maşgalany nädip eklemeli, bu barada alada edýän emeldar ýok, diňe tölemeli” diýip, Gadam aga Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de ol, gyş aýlarynyň gelmegi bilen, gazyň gündizlerine tiz-tizden kesilip başlandygyny, soňky günlerde bolsa gazyňiki gezek gijesine-de bolmandygyny gürrüň berdi.

Gadam aganyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaýy diňe Boldumsaz etrabynyň obalarynda däl, beýleki etraplarda hem görse bolýar.

“Gündizlerine, remont edýäris bahanasy bilen, gazy ir sagat 9-dan kesýärler we agşam sagat 18-e çenli gaz bolmaýar, ýa gyşa taýýarlyk gyşda görülmelimikä?” diýip, ol kinaýaly sorady.

Gaza baý Türkmenistanda jaýlaryň ýyladyş ulgamlary diňe etraplarda däl, eýsem paýtagt Aşgabatda hem gowy işlemeýär we soňky döwürde bu kemçiligiň üstüne gaz, energiýa tygşytlamak meselesi hem goşulan ýaly görünýär.

“Diňe agşamara, sagat 19-a, 20-ä golaý kotelniler işläp başlaýar, gije sagat 23-e, 24-e çenli jaýlar ýylamaga ýetişenok, ertesi irden sagat 8-9-a ýene kotelniler öçürilýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan 68 ýaşly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG