Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kanunlary üýtgetmeli diýýär


Türkmen ýollary
Türkmen ýollary

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Sapardurdy Toýlyýewe ýurduň ähli bilim edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde BMG-niň öz teklibi boýunça kabul eden rezolýusiýasyny öwrenmek boýunça hökmany çäreleri geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Wise-premýer we daşary işler ministri Reşit Meredowyň anna güni beren hasabatyna görä, 20-nji dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

TDH bu inisiatiwanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini aýratyn nygtaýar.

Döwlet baştutany bu rezolýusiýa esasynda türkmen kanunlaryny seljermek, olara ykdysady taýdan sebitleýin we sebitara goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda üýtgetme girizmek zerurlygyny belledi.

Mundanam başga, Berdimuhamedow BMG-niň bu rezolýusiýasynyň metbugdatda çap edilmegini, mekdeplerde öwrenilmegini tabşyrdy.

Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan dünýäde iň bir ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG