Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň harby gämisi Demirgazyk deňizde rus gämisini göz astyna aldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) “Admiral Gorşkow” gämisiniň ekipažynyň öňünde çykyş edýär, Baltiýsk, 26-njy iýul, 2015 ý.

Britaniýanyň patyşalyk harby deňiz güýçleri Demirgazyk deňizde ýurduň territorial suwlarynyň golaýynda, Orsýetiň bir söweş gämisini göz astyna alandygyny aýdýar.

Patyşalyk harby deňiz flotynyň 26-njy dekabrda aýtmagyna görä, fregat “HMS St Albans” 23-nji dekabrda ýurduň “milli bähbitleriniň giňişliginde” hereketde bolan Orsýetiň “Admiral Gorşkow” gämisini göz astyna almak üçin deňze çykarylypdyr.

Maglumatda gözegçiligi 25-nji dekabra çenli dowam etdiren fregatyň 26-njy dekabrda Portsmouth portuna dolanyp geljekdigi bellenýär.

Britaniýanyň bu beýanaty barada Orsýet tarapdan görkezilen reaksiýa entek ýok.

London “Britaniýanyň suwlarynda rus gämileriniň gatnawynyň soňky wagtlarda köpelendigini” aýdýar.

Ýurduň goranmak ministri Gawin Williamson bu hadysadan soňra eden beýanatynda, öz ýurdunyň suwlaryny “goramakda hiç bir zatdan çekinmejekdigini we agressiýanyň hiç bir formasyna çydamlylyk görkezmejekdigini” aýtdy.

Ol soňra hem: “Ýurdumyzy, halkymyzy we öz milli bähbitlerimizi goramaga gezek gelende, Britaniýa hiç kimden ätiýaç etmez” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Patyşalyk harby deňiz floty Demirgazyk deňizde we Iňlis kanalynda gizlin maglumat toplaýan bir rus gämisini göz astyna almak üçin hem 24-nji dekabrda ýurduň “HMS Tyne” fregatyndan peýdalanylandygyny aýdýar.

Mundan başga-da, ol Orsýetiň ýene iki gämisini göz astyna almak üçin, bir dikuçary iberipdir.

Üstümizdäki aýyň başlarynda britan goşunynyň başlygy Sir Stuart Peaç Orsýetiň halkara söwda we internet üçin aşa ähmiýetli bolan suw asty kommunikasiýa kabellerine hüjüm etmek bilen NATO ýurtlaryna howp salmagy mümkin diýdi.

Onuň bellemegine görä, bu kabeller kesilen ýa goparylan halatynda, munuň ykdysadyýete “göni we betbagtçylykly” zarba bolup degmegi mümkin.

2014-nji ýylda Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdirmegi, şeýle hem Siriýa konflitindäki aratapawutlar sebäpli Britaniýa bilen Orsýet arasyndaky gatnaşyk juda dartgynly ýagdaýy başdan geçirýär.

Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonsonyň öten hepde Moskwa eden saparynda-da Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý lawrow bilen onuň arasynda Kreml Günbatar Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň içeri syýasatyna garyşdy diýilýän gürrüňler babatda pikir jebisligi bolmady.

Jonson Moskwanyň daşary ýurtlaryň saýlawlaryna garyşandygy hakda “köp subutnamalaryň” bardygyny aýtsa, Lawrow Jonsonyň bu aýdýanlary hakda subutnama ýok diýdi.

XS
SM
MD
LG