Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky gozgalaňçy toparlar Orsýetiň hemaýatynda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerini ret edýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we Siriýanyň prezidenti Başar Assad.

Siriýadaky gozgalaňçy we oppozision toparlar Orsýetiň öňümizdäki aý geçirilmegini teklip edýän parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmajakdyklaryny aýdýarlar. Olar Moskwany Siriýada “uruş jenaýatlaryna” baş goşmakda we ýurtda 6 ýyla çeken graždanlyk urşunda hökümete basyş etmezlikde aýyplaýarlar.

40-a golaý gozgalaňçy toparyň, şol sanda Siriýanyň iri syýasy oppozisiýa toparlarynyň 26-njy dekabrda yzly-yzyna ýaýradan beýanatlarynda, geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň BMG-niň ýolbaşçylygynda 2014-nji ýylda badalga berlen, ýöne şu wagtda çenli hiç hili ösüş gazanylmadyk parahatçylyk prosesinden “sowulmagy” göz öňünde tutýandygyny aýtdylar.

Agzalýan toparlar Moskwanyň özlerinden Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň wezipeden çekilmegi boýunça edýän talaplaryndan el çekmegi sorandygyny aýdýarlar. Orsýet 2015-nji ýyldan bäri özüniň ýykgynçylykly howa hüjümleri bilen Assady penalap gelýär.

“Biz muny ret edýäris we biz Orsýetiň Siriýada uruş jenaýatlaryna baş goşan agressordygyna güwä geçýäris” diýlip, 40 gozgalaňçy toparyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar:

“Orsýet Siriýa halkynyň duçar bolan gowgaly durmuşyny ýeňletmekde ýekeje-de iş bitirmedi we çözgüt ugrunda islendik herekete kepil geçýändigini öňe sürýän Orsýet režime hiç hili basyş etmedi” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Gozgalaňçy toparlar, şol sanda “Ahrar al-Şam”, “Yslam Armiýasy” we Günbataryň penasyndaky beýleki toparlar BMG-niň ýolbaşçylygyndaky prosese ygrarly galýandygyny aýtdylar.

Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda hökümete garşy protestleriň basyp ýatyrylmagy bilen başlan konfliktlerde 330 müňden gowrak adam wepat boldy we millionlarça adam öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur boldy.

Kreml 29-30-njy ýanwar günleri Soçide “Siriýanyň milli dialog kongresini” geçirjekdigini we onda şu ýyl Gazagystanyň paýtagty Astanada Eýranyň, Orsýetiň we Türkiýäniň gatnaşmagynda ok-atyşygy bes etmek boýunça geçirilen gepleşikleriň “tehniki taraplaryny” giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny öňe sürdi.

Siriýanyň hökümeti özüniň foruma gatnaşjakdygyny mälim etdi. Golaýda Assad habarçylara beren gürrüňinde, Soçide geçiriljek gepleşikleriň güntertibinde ýurtda geçiriljek täze saýlawlaryň we konstitusiýa giriziljek üýtgeşmeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Orsýetiň teklibini uruş döwründe Assady goldaýan söweşijileri harby geňeşçi we jeňçi bilen üpjün eden Siriýanyň esasy ýarany Eýran makullaýar. Şeýle-de, bu teklibi köp sanly sünni pitneçi toparlary goldaýan Türkiýe-de makullaýar.

Ýöne Soçide geçiriljek forumyň esasy gozgalaňçy toparlary we syýasy oppozisiýa toparlary, şol sanda pitneçileriň gözegçiligindäki ýerleriň häkimiýetleri tarapyndan ret edilmegi Orsýetiň planynyň ukyplylygyna wehim salýana çalym edýär.

Russiýa Soçide geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleri Siriýada BMG-niň hemaýatynda badalga berlen, ýöne başa barmadyk ylalaşyklary galkyndyrmak ugrunda tagalla diýip mahabatlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde, Orsýetiň bu plany gepleşiklere siriýaly kürt toparlary gatnaşdyryp-gatnaşdyrmazlyk boýunça bar bolan oňşuksyzlyklar sebäpli-de sorag astynda galýar.

Siriýanyň territoriýasynyň 25 göterimine gözegçilik edýän we ol ýerde öz awtonom häkimiýetini ornaşdyrmak isleýän PYD kürt toparynyň foruma çagyrylmagyny Türkiýe oňlamaýar. Ankara PYD-a Türkiýede onýyllyklaryň dowamynda göreşip gelýän kürt seperatist toparyň bir bölegi hökmünde garaýar.

Geçen hepde Orsýet kürt wekilleriň gepleşiklere gatnaşyp biljekdigini mälim etdi, ýöne Moskwa Türkiýäniň “göwni üçin” PYD-ny foruma çagyrmajakdygyny belledi.

Ýöne demirgazyk-gündogar Siriýada PÝD-nyň ýolbaşçylygyndaky özbaşdak administrasiýa häkimiýeti Soçide geçiriljek gepleşiklerde özbaşdak taraplara däl-de, häkimiýetlere wekilçilik edilmelidigini mälim etdi.

Golaýda regionda “Yslam döwleti” ekstremist toparyny ýeňmekde uly iş bitiren PYD ABŞ-nyň ýaranlyk edýän kürt jeňçileriniň iň esasy syýasy ganatydyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG