Aşgabatdan Ýerewana amala aşyrylan ilkinji uçar reýsi Ermenistanyň paýtagtynyň “Zwartnots” halkara aeroportunda “suw salýuty” bilen garşy alyndy diýlip, Ermenistanyň media agentlikleri habar berdiler.
“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň ilkinji reýsi bilen Aşgabatdan Ýerewana 96 ýolagçy barypdyr. Türkmenistanyň paýtagtyndan Ýerewana baran uçaryň öz ýoluny soň Frankfurta tarap dowam etdirjekdigi aýdyldy.
Ermenistanyň graždan awiasiýasynyň başlygy Sergeý Awitesýan täze uçar gatnawyna talabyň bolandygyny we onuň öň ençeme gezek maslahat edilendigi belledi diýip, ArmInfo agentligi belledi.
Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt reýsiniň “Türkmenhowaýollary” tarapyndan hepdede bir gezek her çarşenbe güni amala aşyryljakdygy habar berildi.