Sepleriň elýeterliligi

Söwda merkezinde bolan partlamadan soň, Putin terrorda güman edilýänler “ýok edilmeli” diýdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Sankt Peterburgda bolan partlamany terror hüjümi atlandyrdy. Prezident howpsuzlyk gulluklaryna, terrorçylykda güman edilýänlere garşy göreşende olary “tussag astyna” almak bilen bolman, dessine “ýok etmeli” diýdi. Partlamada azyndan 10 adam ýaralandy.

Partlamadan bir gün soň, 28-nji dekabrda çykyş eden Putin kanun goraýjylara ýüzlenip, güman edilýän terrorçylar ölümlere ýol açjak hüjüme girişseler, olar dessine “ýok edilmeli” diýdi.

Kremlde Orsýetiň Siriýadaky operasiýalaryna gatnaşan harbylary medal bilen sylaglan Putin: “Siziňem bilşiňiz ýaly, düýn Sankt Peterburgda terror hüjümi amala aşyryldy” diýdi.

Derňew komitetiniň metbugat wekili Swetlana Petrenko 27-nji dekabrda eden çykyşynda, “Perekrýostok” söwda merkezinde bolan partlamanyň “öýde ýasalan bomba” bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.

Ýöne kanun goraýjy häkimiýetler ilkibaşda terrorçylyk däl-de, “jana bilkastlaýyn kast etmek” synanyşygyndan şübhelenip iş gozgadylar.

Orsýet özüniň Siriýanyň hökümet güýçlerini goldamak boýunça alyp baran çärelerini “terrorçylyga garşy operasiýa” atlandyrýar. Putin Siriýada gulluk eden harbylar ol ýerde ekstremistleri öldürmek bilen olaryň Orsýetde amala aşyrjak potensial hüjümleriniň öňüni alandygyny aýtdy.

“ Söweşe giden müňlerçe taýýarlykly, ýaragly adamlar yzyna, ýurdumyza dolanyp gelenlerinde nämeler bolardy?” diýip, Putin dabarada Siriýadaky “Yslam döwleti” (YD) we beýleki ekstremist toparlaryň hataryna goşulan orsýetlileri göz öňünde tutup aýtdy.

Ol mundan bir gün ozal ýurduň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) başlygyna güman edilýän terrorçylara çemeleşilende barlyşyksyz, aýgytly göreşmegi tabşyrandygyny mälim etdi.

Putin FSB-niň ofiserleriniň “bu garakçylary” tussag astyna alanda, kanunyň çäginde hereket etmelidigini aýtdy. Ol: “Ýöne eger-de biziň ofiserlerimiziň jan-saglygy howp astynda galsa, onda olar garakçylary tussag astyna alman, wakanyň bolýan ýerinde öldürmeli” diýdi.

27-nji dekabrda resmiler partlamanyň netijesinde ýaralanan 10 adamyň dokuzynyň saglygyny bejermek üçin hassahana äkidilendigini aýtdylar. Olardan biriniň ýagdaýynyň agyrdygy, ýene biriniň hassahanadan çykarylandygy habar berildi.

Gürrüňi edilýän partlama FSB-niň 15-nji dekabrda Sankt Peterburgda kilislelerde we köpçülik ýerlerinde bomba hüjümini amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi güman edilýän ýedi yslamçy ekstremistiň tussag astyna alnandygyny habar bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

FSB tussag astyna alnan bu adamlaryň “Yslam döwleti” toparyna agza bolmakda güman edilýändigini we olaryň Telegram tilsimi arkaly daşary ýurtlardan dolandyrylýandygyny mälim etdi.

Tussag edişlikden soň Putin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa telefon arkaly minnetdarlyk bildirdi. Sebäbi orsýetli resmiler Putiniň doglan ýeri bolan we meşhur turizm merkezi hasaplanýan Sankt Peterburgdaky bomba hüjümleriniň öňüniň alynmagynda, Merkezi aňtaw gullugynyň ýardam berendigini habar berdi.

Putin 27-nji dekabrda eden çykyşynda, 16-njy dekabrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilendigi aýdylýan terror hüjümlerini-de agzap, “FSB ýaňy-ýakynda şäherde amala aşyryljak beýleki bir hüjümiň öňüni aldy” diýdi.

Orsýet soňky ýigrimi ýylyň dowamynda köplenç Çeçenistandaky post-sowet urşy we Demirgazyk Kawkazdaky yslamçy gozgalaňçylar bilen ilteşikli terror hüjümlerine duçar boldy.

Moskwa bilen deňeşdireniňde, Sankt Peterburgda has az hüjüm amala aşyryldy, ýöne resmileriň gyrgyzystanda doglandygyny aýdýan özbek bir janyndan geçen hüjümçi aprel aýynda Sankt Peterburgyň ýerasty transport ulgamynda bomba partladyp, 16 adamy öldürdi.

Häkimiýetler 14-nji iýun – 15-nji iýul aralygynda Sankt Peterburgda we Orsýetiň beýleki şäherlerinde geçiriljek Futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňýany howpsuzlygy güýçlendirýärler.

Söwda merkezinde bolan partlama ýurtda 18-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryndan üç aýa öňe gabat geldi. Saýlawlarda Putiniň alty ýyllyk täze möhlete saýlanmagyna garaşylýar.

12-nji dekabrda FSB “YD-iň” görkezmelerine eýerýän ekstremist “hüjräniň” üç agzasyny tussag edendigini, olaryň Täze ýyl baýramçylygynda we prezidentlik kampaniýalarynyň dowamynda, Moskwada terror hüjümlerini amala aşyrmagy meýilleşdirendigini aýtdy.

FSB ýygy-ýygyndan baýramçylyklarda we möhüm wakalaryň öňüsyrasynda özüniň terrorçy tutandygyny mälim edip durýar. Bu agentligiň Moskwada we Sankt Peterburgda geçiriljek bolandygyny aýdan terror hüjümleri barasyndaky beýanatlaryny garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Orsýet Siriýada demokratiýanyň tarapdarlarynyň protestlerinden soň tutaşan tas ýedi ýyllyk graždanlyk urşunda başdan-aýaga çenli prezident Başar al-Assady goldap gelýär. Uruşda ýüzmüňlerçe adam wepat boldy we millionlarça adam öz ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur boldy.

Orsýet Siriýada 2015-nji ýylda howa hüjümlerini başladyp, gury ýerde-de urşa gatyşaly bäri urşuň ugrunyň Assadyň peýdasyna tarap ugrukmagyna ýardam berdi.

Putin 11-nji dekabrda Orsýetiň Siriýadaky howa bazasyna eden saparynda orsýetli we siriýaly güýçleriň halkara terrorçy toparlaryny derbi-dagyn edendigini we rus goşunlarynyň Siriýadan bölekleýin çekilýändigini aýdyp, özleriniň ýeňiş gazanandygyny jar etdi.

Günbatarly resmiler Orsýetiň harby kampaniýalarynyň, hususan-da urşuň irki döwürlerinde, YD jeňçilerine däl-de, Assady tagtdan agdarmaga synanyşýan gozgalaňçylara garşy gönükdirilendigini aýdýarlar.

28-nji dekabrda harbylaryň öňünde söz sözlän Putin “Siriýadaky operasiýalara 48 müňden gowrak rus harbysynyň gatnaşandygyny” aýtdy.

Purin Siriýadaky iki rus bazasynyň, ýagny Hmeýmindäki howa bazasynyň we Ortaýer deňziniň Tartusdaky portunda ýerleşýän harby-deňiz obýektleriniň öz işlerini “hemişelik” dowam etjekdigini aýtdy:

“Bu biziň milli bähbitlerimizi goramakda we möhüm strategiki ugurlar boýunça Russiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmekde örän wajyp faktordyr” diýip, Putin belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG