Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ussat göçüm: Küşt çempiony ‘aýallaryň kemsidilýän ýurdunda’ at gazanmakdan çekilýär


Anna Muzyçuk
Anna Muzyçuk

Şu hepde Saud Arabystanynda geçirilýän küşt çempionatyna gatnaşmazlyk kararyna gelmek Anna Muzyçuk üçin ýeňil bolmady. Ýöne 27 ýaşly ukrainaly ussat küştçi “aýallaryň hukuklarynyň kemsidilýän ýurdunda” ýaryşlara gatnaşmagy göwnemedi.

Muzyçuk AÝ/AR-yň Rus gullugyna 27-njy dekabrda beren eksklýuziw interwýusynda: “Ýaryşa gatnaşmazlyk boýunça karara gelmek örän agyr boldy. Sebäbi her niçigem bolsa, bu bütindünýä çempionatydy we men hem at gazanan çempiondym” diýdi.

Ol bu sport boýunça gazanan atlaryndan mahrum boljakdygyna garamazdan, Riýada sapar etmezlik boýunça alan kararynyň yzynda durdy we 26-30-njy dekabr aralygynda Saud paýtagtynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaýan boldy.

“Men esasan adam hukuklarynyň, aýratyn-da aýallaryň hukuklaryň kemsidilýän ýurdunda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak islemedim” diýip, Muzyçuk aýtdy.

Muzyçuk bu gelen netijesini ilki noýabr aýynda Facebook sahypasy arkaly mälim etdi. Ol özüniň sosial ulgamda paýlaşan bildirişinde “kimdir biriniň goýan düzgünlerine görä oýnamazlyk üçin, “abaýa” geýmezlik üçin, daşary çykjak bolsaň hökman birini ýoldaş edinmezlik üçin, jemläp aýdanyňda, özümi ikinji derejeli adam duýmazlyk üçin ýaryşlardan çekilýärin” diýdi.

2015-16-njy ýyllarda aýallaryň arasynda geçirilen küşt ýaryşynyň çempiony Mariýa Muzyçuk-da dogany Anna Muzyçugyň kararyna eýerýär.

Aşa-konserwatiw bu sünni şalygynda aýallar köpçülik ýerlerinde abaýa geýmäge mejbur edilýär.

Muzyçuk AÝ/AR bilen gürrüňdeşlikde: “Men düşünýän – hemmäniň, şol sanda saudlaryň öz däp-dessury, edim-gylymy bar. Her bir adam beýlekileriň däp-dessuryny hormatlamaly. Ýöne meniň ynanjyma görä, hiç bir adam beýlekilere öz däp-dessuryna eýermegi, meselem, aýdaly, geýim-gejim ýa-da özüňi alyp barmak boýunça beýleki adamlary mejbur etmeli däl. Men munuň ýalňyşdygyna ynanýaryn” diýdi.

Muzyçuk küşt ýaryşlaryna gatnaşmak üçin, dünýäniň dürli künjüne syýahat edendigini, ýöne Eýran bilen Saud Arabystanyndan başga hiç ýerde aýallaryň hukuklarynyň şeýle kemsidilmegine duş gelmändigini aýtdy.

Muzyçuk şu ýyl Tähranda Küşt boýunça dünýä çempionatyna gatnaşanda, eýranly häkimiýetleriň talabyna laýyklykda başyna atgy daňmaly boldy.

“Biz mydama ‘hijab’ geýmäge mejbur bolduk we bu örän oňaýsyzdy” diýip, Muzyçuk aýtdy. Ol Saud Arabystanynda geçirilýän ýaryşlary boýkot etmeginde Eýrandaky başatgynyň rol oýnandygyny belledi.

“Saud Arabystanynda gender deňligi boýunça meseleler örän wawaly ýagdaýda. Ol ýerde has ýiti çäklendirmeler bar” diýip, Muzyçuk nygtady.

Saud häkimiýetleri aýallaryň hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin, käbir çäreleri görýäne meňzeýär diýip, ol belledi. Muňa öňümizdäki tomus güýje girjek aýallara ulag sürmek boýunça gadagançylygyň ýatyrylmagyny mysal edip görkezdi. Köpler Riýadyň küşt boýunça bäsleşigi geçirmäge isleg bildirmegini ýurdy daşky dünýä açmaga bolan ymtylyş diýip ýordy. Şeýle-de, ýurtda käbir sosial reformalar amala aşyrylýar.

Bütindünýä küşt federasiýasy noýabr aýynda ýaýradan beýanatynda ýaryşy guraýjylaryň zenan bäsleşijilerden “hijab” ýa-da “abaýa” geýmeklerini talap etmejegini aýdandygyny mälim etdi.

Muzyçuk küştüň rapid we blitz görnüşleri boýunça ýeňiji boldy. Küştüň blitz görnüşinde göçümleri tamamlamak üçin 10 minut berilýär, rapid görnüşinde 15 minutda göçümler tamamlanmaly.

Muzyçuk geçen ýyl Dohada geçirilen bäsleşiklerde bu iki ugur boýunça ýeňiji bolan güni “özüni küşt dünýäsiniň iň bagtly adamy ýaly” duýandygyny aýtdy. Ol ondan ozal 2014-nji ýylda aýallaryň arasynda geçirilen bütindünýä blitz çempionatynda-da ýeňiji bolupdy.

Riýadda bäş günläp dowam etjek bäsleşiklere gatnaşmazlyk bilen Muzyçuk ummasyz köp mukdarda pul utmak mümkinçiliginden mahrum bolar. Öz sözlerine görä bu “bir topar oýnuň jeminden gazanyljak puldanam has köp mukdar”.

Öz ýurdunda dünýä çempionatyny ilkinji gezek geçirýän Saud Arabystanynyň aýallaryň arasyndaky her bir ýaryş üçin 250 müň dollar möçberinde pul baýragyny goýandygy habar berilýär.

Ysraýylly bäsleşijilere ýurda girmek üçin wiza berilmezligi, Riýadda geçirilýän ýaryşlar boýunça bireýýäm birnäçe jedelleriň döremegine ýol açdy.

Çempionata 70 ýurtdan 240-a golaý bäsleşijiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG