Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky protestlerde ölenleriň sany artýar


Eýranly tapylar Tähranda polisiýa bilen çaknyşýar. 30-njy dekabr, 2017 ý.

Eýranda resmileriň basyp ýatyrmak bilen haýbat atmagyna garamazdan bäş gün bäri üznüksiz dowam edýän hökümete garşy protestler öten agşam ýene dokuz adamyň, şol sanda bir polisiýa işgäriniň öldürilmegi bilen gazaply herekete ýazdy.

Sosial mediada berlen wideoda, demonstrantlaryň Eýranyň Ispihan (Isfahan) welaýatyna degişli Gaherijan şäherinde polisiýa edarasyna hüjüm edýänligi görkezilýär. Döwlet telekanalynyň 2-nji ýanwarda habar bermegine görä, öten agşam öldürilen dokuz adamyň arasynda, alty adam bu şäherde polisiýa edarasyna edilen hüjümde ýarag ogurlamaga synanyşypdyr. Ispihan welaýaty Tähränyň 350 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Ýarym resmi habar gullugy “Tasnim” merkezi şäher Najafabatda howpsuzlyk gullugynyň bir işgäriniň ýaragly demonstrantlar tarapyndan öldürilendigini bildirdi. Tassyklanan halatynda, onda bu giň gerimli bulagaýlyklarda howpsuzlyk güýçlerine ýeten ilkinji adam ýitgisi bolýar.

Gowuşýan habarlarda tutuş Eýranda onlarça şäherde, şol sanda paýtagt Tähranyň dürli ýerlerinde, protestleriň barýandygy aýdylýar.

Protestler Sanandaj, Ilam, Horamdere, Kermanşah, Izeh, Ahwaz, Şahin Şähr we Tuýserkan ýaly şäherlerde-de bolup, azyndan iki adamyň ölendigi habar berildi.

Dürli wideo ýazgylarda adamlaryň Tähranyň köçelerinde “diktatora ölüm” diýip gygyryşyp, ýöriş geçirýändigi görünýär.

Sosial mediada dürli şäherlerden berlen beýleki wideolarda hem protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda barýan çaknyşyklar, şeýle hem bir polisiýa edarasyna ot berlendigi görkezilýär. Ýöriş geçirýän märeke mollalara we ýurduň beýleki dini şahsyýetlerine garşy gygyryşyp şygar berýärler.

Käbir prostestçiler 1989-njy ýyldan bäri höküm sürüp gelýän ýokary lider Ali Hameneýiniň köçelerde ýerleşdirilen äpet bannerlerini ýyrtýarlar.

Öten agşamky gazaply hereketlerde ölenleri hem hasaba goşsaň, onda esasy azyk önümleriniň gymmatlygy we beýleki ykdysady kynçylyklar sebäpli 28-nji dekabrda başlan protestlerde ölenleriň sany, resmi taýdan tassyklanmasa-da, azyndan 22 adam.

Prezident Hasan Rohani tolgunmalar Eýranyň problemalaryny çözmek üçin bir pursat diýdi.

Rohani 1-nji ýanwarda parlamentiň komissiýalarynyň başlyklary bilen geçiren duşuşykdan soňra eden çykyşynda protestler diňe ykdysadyýet bilen baglanyşykly däl, ol şol bir wagtda-da raýatlaryň köpräk erkinlik üçin çekýän nalasy diýdi.

Habar gullugy “Fars” Rohanä salgylanyp, bulagaýlygyň “howp bolup görünmegi mümkin, ýöne ony problemanyň nämedigini görmek üçin, bir pursata öwrüp bolýar” diýdi.

Ol: “Bizde işsizlikden uly problema ýok. Ykdysadyýetimiziň herekete geçmegi zerur” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Rohani düýn howpsuzlyk gulluklarynyň ulaglaryna we jemgyýetçilige degişli beýleki mal-mülke ýeten zyýanlardan soňra millete ýüzlenip sözlän sözünde, gazaply hereketlerden saklanmaga çagyryp, protestçilere duýduryş berdi.

Ol: “Hökümet jemgyýetçiligiň mal-mülküne zyýan ýetirýänlere, umumy düzgüni bozýanlara, jemgyýetde bulagaýlyk döredýänlere çydamlylyk görkezmez” diýdi.

Resmiler ýüz müňlerçe ýaş eýranlynyň hökümete garşy şygarlar aýdyp çykyş etmegi bilen ýüze çykan tolgunmalary basyp ýatyrmak üçin, häkimiýetleriň azyndan 400 protestçini tutandygyny aýdýarlar.

1-nji ýanwarda Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň metbugat wekili polisiýa bilen içeri howpsuzlyk gulluklarynyň “Tähranda we köçe protestleri geçýän beýleki şäherlerde ýagdaýa doly kontrollyk edýändigini” we rewolýusiýa sakçylarynyň bu işe garyşmaýandygyny aýtdy.

2009-njy ýylda geçen protestlerde Rewolýusiýa sakçylary bilen birlikde demonstrasiýalary basyp ýatyryp, onlarça adamyň heläklenmegine goşant goşan “Basij” ýarym harbylary-da demonstrasiýalardan entek çetde durýana meňzeýär.

Eýranda 12 prosent töweregi bolan işsizlik derejesi 2017-nji ýylda ýaşlaryň arasynda 28.8 prosente bardy.

Ýurduň aňtaw ministrligi bir beýannamada “pitneçileriň we öjükdirijileriň” kimlerdiginiň mälim edilendigini “olara garşy basym çynlakaý çäre görüljekdigini” bildirdi.

Sud häkimiýetleriniň başlygy Aýatollah Sadeg Larijani telewideniýede eden çykyşynda: “Kanuny talaplary bolanlara kanuny ýol görkezilmeli, pitne turuzýanlar, bozgaklyk, bulagaýlyk döredip, jemgyýetçiligiň mal-mülküne ot berýänlere hem aýgytly garşylyk görkezilmeli” diýdi.

Ol soňra hem: “Ýurduň tertip-düzgüni” bolmaly diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ali Şamhani gazaply hereketlere sosial mediany jogapkär edip, käbir çet ýurtlary öz ýurdunyň içki işlerine garyşmakda aýyplady.

Ol 1-nji ýanwarda: “Eýrandaky ýagdaý hakda berilýän haştagler we messijler Birleşen Ştatlardan, Britaniýadan we Saud Arabystanyndan gelýär” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bir tweetde bulagaýlyk Eýranyň “ähli ugurlarda sowsuzlyga uçrandygyny” we “ÖZGERIŞE WAGT” bolandygyny görkezýär diýdi.

Tramp: “Beýik eýran halky ençeme ýyllap basyş astynda saklandy. Olar iýmit we erkinlik üçin açlyk çekýärler. Adam hukuklary bilen birlikde Eýranyň baýlygy talanýar” diýip ýazdy.

Orsýetiň daşary işler ministrligi hem 1-nji ýanwarda tolgunma “Eýranyň öz içki işleri”, “Daşardan garyşylyp, ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagy kabul ederliksiz” diýdi.

1-nji ýanwarda Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabiel protestçileriň heläklenmegi hakda alada bildirip, Eýran hökümetini adamlaryň hukuklaryny hormatlamaga çagyrdy.

Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonson hem Facebookda protestçileriň meseleleri hakda manyly pikir alyşmaga çagyryp, “Britaniýa Eýranda bolýan wakalary ýakyndan synlaýar” diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Federika Mogorininiň sözçüsi bir tweetde Eýranda “biz parahatçylykly demonstrasiýa hukugynyň we söz erkinliginiň kepillendirilmegine garaşýarys” diýdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu “on milliardlarça dollary ýigrenji ýaýratmaga sarp edýän” režime garşy protest geçirýän “batyr eýranlylary” taryplady.

Rohani 31-nji dekabrda raýatlar häkimiýetleri tankytlamakda we protest geçirmekde “bütinleý azat”, ýöne bu demonstrasiýalar adamlarda “öz jany we howpsuzlygy hakda alada” döretmeli däl diýdi.

Rohani Trampy ýazan tweeti sebäpli tankytlap, ol: “sanlyja aý mundan ozal eýran halkyny ‘terroristler‘ diýip atlandyranyny ýatdan çykarypdyr“ diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG