Çeçenistanyň Şali şäherinde 20 müň adamlyk metjit salynýar.
TASS habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň adyny göterjek metjit geljek ýyl hyzmata giriziler.
Kadyrowyň metbugat merkezinden TASS habar gullugyna berlen maglumatda, metjidiň Şali şäheriniň 5 gektarlyk bir böleginde gurulýandygy mälim edilýär.
Metjidiň her minarasynyň belentligi 63 metr bolar.
Metjidiň gümmeziniň ululygy bolsa 43 metre barabar bolar.
Metjidiň howlusynda 12 sany suw çüwdürimleri bolar.
Metjidiň gurluşygyna 2012-nji ýylda başlanypdyr.
Prezidentiň metbugat merkezi şol bir wagtyň özünde Kadyrowyň munuň bilen baglanşykly pikrini hem beýan edipdir.
"Biz ol metjidi geljek ýyl hyzmata girizmegi göz öňünde tutýarys. Bu diňe bir biziň respublikamyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem galyberse-de köpsanly myhmanlarymyz üçin hem ullakan baýram bolar. Metjidiň hyzmata girizilmegi bilen ýurda gelýän turist sanynyň hem köpeljegine ynanýaryn" - diýip, Kadyrow öz garaýşyny bildiripdir.
Aýdylşyna görä, "ol metjidiň dünýäde deňi-taýy bolmaz ýagny ol özüniň aýratyn özboluşlulygy bilen tapawutlanar we tutuşlaýyn ak mermer bilen bezeler.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.