Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ABŞ we Ýewropa protestlerdäki adam ýitgilerini “kabul ederliksiz” diýip ýazgardy


Eýrandaky protestler

Ýewropaly liderler ABŞ-a goşulyp, Eýranyň dürli künjünde geçirilýän protest çärelerinde “kabul ederliksiz adam ýitgileriniň” bolmagyny ýazgardy we olar Tährany protestçileriň öz aladalaryny azat-erkin beýan etmeklerine rugsat bermäge çagyrdy.

Geçen hepdäniň dowamynda Eýranyň dürli künjeklerinde dowam edip, 22 adamyň ölümine we 450 adamyň tussag edilmegine getiren alty günlük protestlerden soň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini 2-nji ýanwar güni Tährana ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde fransuz lideri adam ýitgileri boýunça aladalaryny beýan etdi hem-de protestçilere çemeleşikde häkimiýetleri “köşeşmäge we takatlylyga” çagyrdy diýip, Makronyň edarasy habar berýär.

“Esasy hukuklara, şol sanda adamlaryň söz we ýygnanyşmak hukuklaryna hökmany suratda sarpa goýulmaly” diýip, Makron aýtdy.

Rohani Makrondan düýbi Parižde ýerleşýän eýranly oppozisiýa topary “Mujahedin-i Halka” (Eýranda Halkyň Mojahedin guramasyna) garşy çäre görmegi sorady diýip, Rohaniniň edarasy mälim etdi. Eýranyň prezidenti agzalýan topary protestleri öjükdirmekde aýyplaýar.

Makronyň edarasy beýanat ýaýradyp, Eýranyň ruhany liderleriniň giň gerimli protestler sebäpli “alňasaýandygyny” aýtdy. Beýanatda ýurtda häkimiýetlere garşylyk görkezýän bu topar agzalmaýar.

Mogerini 2-nji ýanwarda beýanat ýaýradyp, onda protestçileriň hataryndan “kabul ederliksiz adam ýitgileriniň” bolmagyny ýazgardy we Tährany “zorlukdan saklanmaga” çagyrdy.

“Parahat demonstrasiýalar we söz azatlygy esasy adam hukuklaryndan bolup, bu ähli ýurtlarda şeýledir. Bular babatda Eýran kadadan çykma däl” diýip, Mogerininiň eýranly häkimiýetlere aýdandygy habar berilýär.

Ýewropaly liderleriň beýanatlary ABŞ bilen Eýranyň arasynda protestler boýunça dowam eden çekeleşikleriň yzýanyna gabat geldi. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy Eýranyň protestlere çemeleşigini BMG ýetirjekdigini mälim etdi.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý demonstrasiýaçylaryň edermenligini magtap, Eýranyň ýolbaşçylarynyň “protestleri Eýranyň duşmanlary we çet güýçler guraýar” diýýän çaklamalaryny ret etdi.

2-nji ýanwarda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab kwartirasynda žurnalistleriň öňünde çykyş eden Haleý Waşingtonyň Eýranda polisiýanyň we hökümet güýçleriniň protestçileri öldürmegi boýunça, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini we BMG-niň Ženewadaky Adam hukuklary boýunça geňeşini adatdan daşary ýagdaýda maslahat geçirmäge çagyrjakdygyny mälim etdi.

“Biz dymmalyk etmeli däl. Eýranyň halky azatlyk ugrunda jibrinýär” diýip, Haleý belledi.

“Eýran halky batyrgaýlyk bilen öz sesleriniň güýjüni hökümete garşy ulanýar. Eýranda hökümet uzak wagtdan bäri öz halkyny we hakykaty aýtjak bolýan adamlary ganhorluk bilen öldürip gelýär” diýip, Haleý aýtdy.

“Indi Eýrandaky diktatura hemişe edýän pişesine salgylanjak bolýar. Olar protestleriň Eýranyň duşmanlary tarapyndan gurnalandygyny aýdýar. Biziň hemmämiz munuň boş gürrüňdigini bilýäris” diýip, Haleý nygtady.

“Demonstrasiýalar öz-özünden bolup geçýär. Eýranyň ähli şäherlerinde diýen ýaly protestler dowam edýär. Bu uzak wagtdan bäri zulum gören halkyň diktatura garşy aýaga galyşyny suratlandyrýan örän wajyp kartinadyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif Haleýiň sözlerine Twitter arkaly jogap berip, Eýran halkynyň bireýýäm asuda protestleriň hözirini görýändigini aýtdy we ABŞ-yň Ýakyn Gündogardaky käbir ýaranlarynyň öz raýatlaryny şeýle mümkinçilikden peýdalandyrmaýandygyny öňe sürdi.

2-nji ýanwarda Eýranyň ýokary lideri Aýatulla Ali Hamaneýi ýurtda dowam edýän demonstrasiýalar boýunça Tähranyň “duşmanlaryny” aýyplady.

28-nji dekabrda protestleriň tutaşmagyndan bäri ilkinji gezek çykyş edýän Hamaneýi “Eýranyň duşmanlary pul bilen, syýasat bilen we ýörite gulluklary bilen ýurduň içerki işlerine gatyşýar” diýdi.

“Duşmanlar elmydama Eýran halkynyň içine aralaşyp, oňa hüjüm etmegiň oňaýyny gözleýär” diýip, Hamaneýi aýtdy.

Eýranyň reformaçy syýasatçylary-da ýurtdaky zorluklary “Eýranyň duşmanlarynyň” üstüne atdy.

Ýurduň ozalky prezidenti Mohammad Hataminiň ýolbaşçylygyndaky “Dini söweşijiler bileleşigi” 2-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda “opportunistler we bozgaklar problema döretmek üçin, demonstrasiýalary ekspluatasiýa edýärler” diýdi.

Şeýle-de beýanatda: “Birleşen Ştatlary we olaryň agentleri zorluklary we arabozarlary ruhlandyrýar” diýilýär.

Tramp 2-nji ýanwarda Twitterde “korrumpirlenen we zulumkeş Eýran režimine garşy gidýän” protestçileri magtady.

“Halk ýarym aç, infliasiýa ýokary, adam hukuklary ýok. ABŞ ýakyndan synlaýar!” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Kasemi Trampa jogap berip, “ol biderek kemsidiji twitleri ýazmaga derek, öz ýurdundaky öý-öwzarsyz aç adamlara üns bersin” diýdi.

Sosial mediada berlen wideoda, demonstrantlaryň Eýranyň Ispihan welaýatyna degişli Gaherijan şäherinde polisiýa edarasyna hüjüm edýänligi görkezilýär. Döwlet telekanalynyň 2-nji ýanwarda habar bermegine görä, öten agşam öldürilen dokuz adamyň arasynda, alty adam bu şäherde polisiýa edarasyna edilen hüjümde ýarag ogurlamaga synanyşypdyr. Ispihan welaýaty Tähranyň 350 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Ýarym resmi habar gullugy “Tasnim” merkezi şäher Najafabatda howpsuzlyk gullugynyň bir işgäriniň ýaragly demonstrantlar tarapyndan öldürilendigini bildirdi. Tassyklanan halatynda, bu giň gerimli bulagaýlyklarda howpsuzlyk güýçlerine ýeten ilkinji adam ýitgisi bolýar.

Gowuşýan habarlarda tutuş Eýranda onlarça şäherde, şol sanda paýtagt Tähranyň dürli ýerlerinde, protestleriň barýandygy aýdylýar.

Protestler Sanandaj, Ilam, Horamdere, Kermanşah, Izeh, Ahwaz, Şahin Şähr we Tuýserkan ýaly şäherlerde-de bolup, azyndan iki adamyň ölendigi habar berildi.

Dürli wideo ýazgylarda adamlaryň Tähranyň köçelerinde “diktatora ölüm” diýip gygyryşyp, ýöriş geçirýändigi görkezilýär.

Radio Fardanyň paýlaşan wideosynda howpsuzlyk güýçleri Tähranyň merkezindäki Ferdöwsi skwerine jemlenen halky dargatmak üçin suw toplaryny ulanýar.

Sosial mediada dürli şäherlerden berlen beýleki wideolarda hem protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda barýan çaknyşyklar, şeýle hem bir polisiýa edarasyna ot berlendigi görkezilýär. Ýöriş geçirýän märeke mollalara we ýurduň beýleki dini şahsyýetlerine garşy şygarlar aýdýarlar.

Käbir prostestçiler 1989-njy ýyldan bäri höküm sürüp gelýän ýokary lider Ali Hameneýiniň köçelerde ýerleşdirilen äpet afişalaryny ýyrtýarlar.

Gije gazaply hereketlerde ölenleri hem hasaba goşsaň, onda esasy azyk önümleriniň gymmatlygy we beýleki ykdysady kynçylyklar sebäpli 28-nji dekabrda Maşatda başlan protestlerde ölenleriň sany azyndan 22 adama ýetdi.

Eýranda işsizligiň derejesi takmynan 12 göterim bolsa-da, bu görkeziji 2017-nji ýylda ýaşlaryň arasynda 28.8 göterime baryp ýetdi.

Öňki nesillere garanyňda has ýokary bilim alan eýranly ýaşlar özlerini dünýäniň beýleki ýerlerindäki ýaly ösen we has amatly durmuş şertlerinden ät galdyrýan syýasy we ykdysady çäklendirmelerden bez bolup, sosial media arkaly öz ýaşdaşlary bilen gatnaşyk saklaýarlar.

Häkimiýetleriň köçä çykýanlara garşy has berk çäre görmäge taýýardygyny görkezýän alamatlar bar.

Ýurduň aňtaw ministrligi beýannama ýaýradyp, “pitneçileriň we öjükdirijileriň” şahsyýetleriniň anyklanandygyny we “olara garşy basym çynlakaý çäre görüljekdigini” mälim etdi. 2-nji ýanwarda “Tasnim” habar agentliginde sitirlenen Tähranyň Rewolýusion sudunyň başlygy Musa Gazanfarabadi protestçilere gönükdiriljek aýyplamalaryň biri “Moharebeh”, ýagny “Hudaýa garşy alnyp barylýan urşa gatnaşmak” bolar diýdi. Bu aýyplama bilen günäli tapylan adamlar ölüm jezasyna höküm edilýär.

Şeýle-de, häkimiýetler ýurtda giňden ulanylýan “Instagram” sosial media ulgamyny we ýazyşmak üçin ulanylýan “Telegram” atly tilsimi petikledi.

Bu tilsimleriň ikisi-de bahalaryň galmagyndan we Rohaniniň söz we ýygnanyşmak azatlygyny kepillendirmek boýunça beren wadalaryny tutmazlygyndan nägile demonstrasiýaçylaryň üýşmeleňleri guramaklaryna ýardam berýärdi.

Eýranyň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ali Şamhani gazaply hereketlere sosial mediany jogapkär edip, käbir çet ýurtlary Eýranyň içerki işlerine gatyşmakda aýyplady.

“Eýrandaky ýagdaýlar hakda berilýän heşdekler we habarlar Birleşen Ştatlardan, Britaniýadan we Saud Arabystanyndan gelýär” diýip, ol 1-nji ýanwarda aýtdy.

ABŞ 2-nji ýanwarda agzalýan aýyplamalary ret edip, Tährany websaýtlary petiklemezlige çagyrdy.

“Haçan-da, bir döwlet sosial media ulgamlaryny, Google-y ýa-da beýleki habar saýtlaryny çäklendirip başlasa, bizde şeýle sorag döreýär: ‘Siz nämeden gorkýarsyňyz?’ ” diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Hezer Nauert aýtdy. “Biz Eýran halkyny goldaýarys, biz olaryň sesleriniň eşidilmeginiň tarapdary” diýip, ol belledi.

Britaniýa, Germaniýa, Şwesiýa we Türkiýe protestçileriň öldürilmegine alada bildirip, Eýranyň hökümetini adamlaryň hukuklaryna sarpa goýmaga çagyrdylar.

Ýöne iň ýiti tankydy Amerikanyň Birleşen Ştatlary beýan etdi. Prezident Tramp 1-nji ýanwarda ýazan twitinde, bulagaýlyk Eýranyň “ähli ugurlarda sowsuzlyga uçrandygyny” we “ÖZGERIŞE WAGTYŇ” bolandygyny görkezýär diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministrligi hem 1-nji ýanwarda tolgunma “Eýranyň öz içerki işi”, “Daşardan garyşylyp, ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagy kabul ederliksiz” diýdi.

Siriýa-da ABŞ-y we Ysraýyly regiony durnuksyzlaşdyrmakda aýyplady.

Siriýanyň Daşary işler ministrligi 2-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda: “Eýranyň ýolbaşçylarynyň, hökümetiniň we halkynyň bu dildüwşükligiň hötdesinden geljekdigine Siriýa berk ynanýar” diýdi.

2011-nji ýylda Siriýada konflikt ýüze çykaly bäri, Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady öň hatarlarda goldap çykyş edip gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG