Sepleriň elýeterliligi

BMG Eýranyň ýagdaýyny maslahat edýär, Eýranda hökümete arka çykýan ýörişler meýilleşdirilýär


Tähranda hökümeti goldap ýörişler geçirildi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranda geçýän hökümete garşy ganly protestleri adatdan daşary ýygnak geçirip maslahat etmeginiň öňüsyrasynda, Eýranda ýene-de hökümete arka çykýan demonstrasiýalary geçirmek meýilleşdirilýär.

Tähran halk hereketleriniň ýaýylmagynda ulanylan esasy sosial media ulgamlaryny petiklänsoň, Günbataryň media serişdelerinde hökümete garşy protestler baradaky habarlar selçeňleşdi.

Ýöne ýurtdaky çeşmelerinden AÝ/AR 5-nji ýanwar güni Eýranda ruhany liderlere garşy dowam edýän demonstrasiýalar barada degerli habarlar gelip gowuşdy.

3-nji ýanwar güni Eýranyň Rewolýusion sakçylar korpusy demonstrasiýalaryň soňlanandygyny öňe sürensoň, Eýran mediasy hökümete garşy protestler barada habar bermeýär.

Ýöne döwlet mediasy Eýranyň Sakçylar korpusynyň ýurduň dürli künjüne öz güýçlerini ýerleşdirmegi dowam edýändigini habar berdi.

Hökümete gary protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çykan çaknyşyklarda azyndan 22 adamyň ölendigi, 1 müňden gowrak adamyň tussag edilendigi habar berilýär.

Şeýle-de, döwlet mediasy soňky günlerde häkimiýetleriň guramagynda geçirilýän hökümete tarapdar ýörişler barada habar berýär.

Eýranyň döwlet mediasy 5-nji ýanwar güni Juma namazyndan soň, Tähran welaýatynda 40-a golaý hökümete tarapdar ýörişleriň geçirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Diplomatik söweş

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ABŞ-nyň talaby esasynda 5-nji ýanwar güni maslahat geçirer. Orsýet bu duşuşyga garşy çykýar.

ABŞ-yň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý hepdäniň başynda, hökümete garşy protestçileriň seslerini ýaňlandyrmak üçin diýip geňeşiň agzalaryny adatdan daşary duşuşyga çagyrdy, ýöne Orsýet şeýle ýygnagyň “zyýanly” boljakdygyny aýdýar.

“BMG protestçileri goldap çykyş etmeli. Bu Eýranda halkyň hukuklaryny goramak ugrunda örän wajyp, ýöne şol bir wagtyň özünde bu halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak ugrunda-da örän möhüm” diýip, Haleý belledi.

4-nji ýanwarda Orsýetiň RIA Nowosti habar agentligi ýurduň daşary işler ministriniň orunbasarynyň sözlerini sitirledi. Onda Rýabkow: “Bu meselä BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň dahyly ýok. Eýranyň içerki işleriniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň roly bilen hiç hili baglanyşygy ýok” diýdi.

Orsýetiň ynanjyna görä, Birleşen Ştatlaryň protestler sebäpli Eýrana garşy sanskiýalaryň artdyrylmagy boýunça islendik synanyşygy “legitim däl” diýip, Rýabkow sözüniň üstüni ýetirdi

Eýranyň BMG-däki ilçisi Gulamaly Hoşru hem Birleşen Ştatlaryň özleriniň içerki işlerine gatyşýandygyny öňe sürüp garşy çykdy. Geňeşde maslahatyň geçirilmegi dogrusyndaky karara Hoşru dessine jogap bermedi.

Eýranly ýaşlaryň we işçi gatlagyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklary sebäpli tutaşan protestler soňlugy bilen elita garşy, hususan-da, ýokary lider Aýatollah Ali Hamaneýä garşy öwrüldi.

4-nji ýanwarda Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani geçen hepde ýörişlere gatnaşan protestçileriň sanyna kembaha garady.

“Degişli häkimiýetler ýörişlere gaty gitse 42 müň adamyň gatnaşandygyny habar berýär. Bu san o diýen uly däl” diýip, ISNA habar agentligi ministriň sözlerini sitirledi.

4-nji ýanwarda Eýranyň armiýasynyň ýolbaşçysy polisiýa güýçleriniň protest çykyşlary doly diýen ýaly basyp ýatyrandygyny, ýöne zerur halatynda herekete geçmek üçin harby goşunlaryň hem taýýarlyklydygyny aýtdy.

“Bulagaýçylygyň gerimi ujypsyz bolany üçin, polisiýanyň diňe bir bölegi onuň soňuna çykmagy başardy. Ýöne Yslam respublikasynyň armiýasyndaky ýoldaşlarymyzyň Beýik Şeýtanyň [Birleşen Ştatlaryň] aňkawlaryna garşy durmak üçin taýýarlyklydygyna şek-şübhe ýok” diýip, general-maýor Abdolrahim Musawi aýtdy.

Zorluga garşy

4-nji ýanwarda çap edilen interwýularynda parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýranly laureaty Şirin Ebadi protestleriň dowam edýändigini aýtdy we ol öz watandaşlaryny ýurduň çar künjünde geçirilýän demonstrasiýalarda berk durmaga çagyrdy.

“Protestler köçede henizem dowam edýär. Protestçiler öýlerine gaýdaýanda-da, olaryň gazaby diňmez we birnäçe aý ýa-da ýyl soň nägilelikler täzeden ýüze çykar” diýip, Ebadi Reuterse beren interwýusynda aýtdy.

“Adamlar toga, suwa we gaza töleýän töleglerini bes etmeli. Olar salgyt tölemeli däl. Olar öz pullaryny banklardan çekip almaly” diýip, 2003-nji ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan, adam hukuklaryny goraýjy ýurist Ebadi aýtdy.

Ol Reuterse beren gürrüňinde Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň protestçileri basyp ýatyrmak barada özlerine berlen buýruklara boýun egmeli däldigini aýtdy.

“Men polisiýadaky we Rewolýusion sakçylar korpusyndaky çagalaryma ýüzlenýärin, goý, olar öz doganlaryny we uýalaryny öldürmeklerini bes edip ýaraglaryny taşlasynlar. Eger ýurtda ýagdaý özgerse, bu siziň hem peýdaňyza bolar!” diýip, Londonda sürgünde ýaşaýan Ebadi aýtdy.

“Eger-de hökümet size 38 ýyllap gulak asmadyk bolsa, siziň häzir borjuňyz hökümetiň size aýdýan zadyna üns bermezlik” diýip, saudlaryň eýeçiligindäki “Asharq al-Awsat” gazetinde Ebadiniň sözleri sitirlendi.

4-nji ýanwarda ABŞ-nyň Döwlet departamenti geçen hepde protestçileriň öldürilmegini we olaryň tussag edilmegini “iň agyr sözler bilen” ýazgardy we demonstrasiýaçylara garşy zorluk ulanýan howpsuzlyk resmileriniň jezalandyryljakdygyny aýtdy.

“Biz Eýran halkynyň legitim hyjuwyny goldaýarys we hökümeti pikirleriň we maglumatyň erkin dolanyşygyna ýol bermäge çagyrýarys” diýip, Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

Galyberse-de, 4-nji ýanwarda Birleşen Ştatlar bikanun ballistik raketa programmalarynyň üstünde işleýändigi öňe sürülýän 4 eýranly firma garşy sanksiýa girizdi.

“Bu sanksiýalar Eýranyň ballistik raketa programmasyna gatnaşýan esasy edaralary nyşana aldy. Eýranyň režimi raketa programmalaryny öz halkynyň abadançylygyndanam has ýokarda goýýar” diýip, ABŞ-nyň maliýe ministri Stiwen Mnaçin aýtdy.

Tramp gürrüňe goşulýar

Tramp protestçileri goldap, birnäçe gezek Twitter arkaly beýanat ýaýratdy. 3-nji ýanwarda ýazan twitinde ol özüniň “Eýran halkyna sarpa goýýandygyny, sebäbi olar korrumpirlenen hökümetden dynmagyň aladasyny edýändigini” aýtdy.

Tramp sosial mediada ýazan hatynda: “Siz wagty gelende ABŞ-yň egsilmez goldawyny görersiňiz” diýdi.

4-nji ýanwarda Eýranyň baş prokurory Hojateleslam Mohammad Jafar Montazeri protestleriň “planlaýjylary” diýilýän amerikaly we ysraýylly operatiwleriň anyklandygyny mälim etdi.

Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy Montazeriniň sözlerini sitirläp, ABŞ-yň raýaty Maýkl Andrea (Michael Andrea) bilen “[Ysraýylyň] Mossad atly içaly gullugy bilen ilteşikli bir ofiseriň” dildüwşükden “jogapkär” adamlardygyny habar berdi.

Montazeri amerikan raýatyny “CIA-iň ozalky agzasy” diýip häsiýetlendirdi we “ähli çykdajylary” Eýranyň regional garşydaşy Saud Arabystanynyň töländigini aýtdy. Ýarym resmi “Mehr” habar agentligi agzalýan şahsyýeti “Maýkl D’Andrea (Michael D'Andrea)” diýip habar berdi.

Iýun aýynda The New York Times gazeti ozalky we häzirki aňtaw resmilerine salgylanyp, D’Andreanyň CIA-iň Eýrandaky operasiýalarynyň utgaşdyryjysy hökmünde wezipä bellenendigini habar beripdi.

Ne Montazeriniň, ne-de The New York Timesyň çaklamalaryny garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap boldy.

Eýranyň ikinji iň iri şäheri bolan Maşatda azyk harytlaryň we beýleki zerur serişdeleriň bahalarynyň galmagy boýunça turan protestler gysga wagtyň içinde ýurduň dürli künjegine tutaşyp, demonstrasiýalar hökümete garşy gazabyň beýan edilýän çärelerine öwrüldi.

3-nji ýanwarda ir bilen Tähran demonstrasiýalara garşy giň gerimli demonstrasiýa çärelerini gurnap, onda müňlerçe adam hökümeti goldamak üçin köçä çykdy.

4-nji ýanwarda Eýranyň dürli şäherlerinde we şäherçelerinde, şol sanda Maşatda hökümete tarapdar ýörişler dowam etdi.

Hökümete garşy protest çärelerinde Hamaneýä garşy “diktatora ölüm” diýen şygarlar aýdylan bolsa, demonstrasiýalara garşy geçirilen demonstrasiýalaryň dowamynda Ýokary lideri goldap, onuň şanyna “damarda akýan ganymyz liderimize gurban”, “biz liderimizi ýeke goýmarys” diýen şygarlar aýdyldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG