Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Meniň gara reňkli awtoulagymy ak reňke boýatmaga rugsat beriň”


Polisiýa tarapyndan ewakuasiýa edilen gara reňkli ulaglar.Aşgabat
Polisiýa tarapyndan ewakuasiýa edilen gara reňkli ulaglar.Aşgabat

Geçen ýylyň 28-nji dekabrda Aşgabat şäherinde gara reňkli awtoulaglary sürmeklige gadagançylyk girizilip, olary ak reňke boýamak barada polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan sürüjilere görkezme berilip, olaryň awtoulaglary jerime awtoduralgasyna salnyp başlandy.

Ondan bäri birnäçe gün geçen bolsa-da, jerime awtoduralgasyna salnan gara reňkli awtoulaglaryň sany artmasa kemelmeýär. 4-nji ýanwardan başlap, şäherde hereket edýän garamtyl gök reňkli ýa-da il arasynda aýdylşy ýaly “mokryý asfalt” diýilýän reňkli awtoulaglary hem jerime awtoduralgasyna salyp başladylar.

Awtoulaglary gara reňkden, ak reňke boýatmak baradaky mejbury çäreleri indi ilatyň öz islegi bilen bagly edip görkezmäge çalyşýarlar. Munuň üçin döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri her bir sürüjiden: “Meniň gara reňkli awtoulagymy ak reňke boýatmaga rugsat beriň” diýip, arza alýarlar.

Şol arzany alanlaryndan soňra, awtoulag eýelerine öz awtoulaglaryny gara reňkden ak reňke boýamaga rugsat berlendigini tassyklap, döwlet awtoinspeksiýasyndan rugsat haty berilýär. Şol rugsat hatyň bilen awtoulagyňy jerime awtoduralgasyndan alyp, ussahanalara baryp, öz ulagyňy ak reňke boýadyp bilýärsiň.

Şeýle güwänamasy bolmasa, ulag eýeleri öz awtoulagyny jerime duralgasyndan alyp bilmeýär. Eger sürüjilerde şeýle güwänamasy bolmasa, ussahanalar awtoulaglary gara reňkden ak reňke boýamaklyga rugsat berilmeýändigini aýdýarlar. Şol resminamany almak üçin, döwlet awtoinspeksiýasynda uly nobatlaryň bardygyny sürüjilerden eşitmek bolýar.

Emma awtoulagny gara reňkden ak reňke boýamaga ýagdaýy bolman, jerime awtoduralgasyndan öz ulagny alyp bilmeýän sürüjileriň kändigi, şol sebäpli jerime awtoduralgasynda ýüzlerçe ulaglaryň durandygyny hem sürüjiler aýdýarlar.

Awtoulaglary ak reňke boýamakda ussahanalaryň nyrhlary isledikleriçe galdyrandyklaryny, öz iş haklary üçin adatdaky nyrhdan 10 esseden hem artykmaç hak soraýandyklaryny-da sürüjiler aýdýarlar.

“Awtoulagyňy reňkledeniňden soňra, ony haýsy ussahanada reňkledenligiň barada güwänama alyp, döwlet awtoinspeksiýasyna eltip bermeli. Şondan soňra saňa täze tehpasport berilýär. Täze tehpasport üçin 25 manat tölemeli. Ýöne ussahanadan güwänama almak üçin, 400 manat tölemeli bolýarsyň” diýip, Hemra atly bir maşyn eýesi aýdýar.

Gara reňkli hem garamtyl goýy reňkli awtoulaglar bilen bagly dörän ýagdaýlardan ilat köpçüligniň juda nägiledigini hem ýaşaýjylardan eşitse bolýar.

XS
SM
MD
LG