Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýat belgili awtoulaglaryň paýtagtda görünmeli däldigi berk duýdurylýar


Aşgabadyň köçeleriniň birinde köçe ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagy bilen sürüjilere girizilen gadagançylyklaryň gutarjagyna umyt edilen bolsa-da, ol aladalaryň artýandygyndan ilat juda nägile bolýarlar.

Çagalary bilen Aşgabada myhmançylyga gaýdan maryly Mergen bu kynçylyklar barada şeýle gürrüň berýär.

“Maşgalamyz bolup, Marydan Aşgabada gezelenje gaýtdyk. Ýol ugrunda, esasan hem Mary-Tejen aralygynda her ädimde diýen ýaly, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bizi saklap, awtoulagyň bagažyny, sürüjileriň dokumentlerini barladylar. Awtoinspektorlaryň ýol gyrasyndaky sazak-selinlere bukulyp, radar tutup duranlary hem häli-şindi göze ilýärdi. Awtoinspektorlaryň irginsiz gözegçiligi ýetmeli menzilmiziň birnäçe sagatlara çekmegine getirdi.

Halys surnugan çagalar Aşgabatdaky myhman ýerimize ýetmäge howlugýardy. Emma Aşgabada 15-16 kilometr galanda, polisiýanyň Gäwers ýol gözegçilik gullugynyň barlag punktynda, biziň awtoulagymyzy sakladylar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hiç bir düşündiriş bermezden, meniň sürüjilik şahadatnamamy elimden alyp, maňa awtoulagyň içinde garaşmalydygymy aýtdylar.

Çagalar ajygyp-suwsaýandyklaryny, aýak ýoluna gidesleriniň gelýändiklerini aýdyp, biynjalyk bolup başladylar. Men ahyr awtoulagymdan çykyp seretsem, bizden başga-da birnäçe awtoulagyň saklanandygyny gördüm.

Her kim ýadaw halda basymrak goýberilmegine garaşýardy. Sürüjiler özleriniň näme sebäpden saklanýandyklarynyň sebäplerini biri-birinden sorap bilmek isleýärdiler.

Men awtoulaglaryň arasynda aýlanyp ýörşüme, saklanan ulaglaryň ählisiniň Mary welaýat belgili awtoulaglardygyna göz ýetirdim. Ahal, Aşgabat belgili awtoulaglaryň bolsa barlag punktynda saklanman geçip durandyklaryna hem üns berdim.

Çen bilen 30-dan gowurak awtoulag ýol gyrasyna düzüldi. Bir sagat 20 minut geçenden soňra barlag punktunyň bir işgäri awtoulaglaryň sürüjilerine öz awtoulagynyň yzyna düşmeklerini aýdyp, kerweniň başyny çekip ugrady.

Biz Çoganlynyň gaýrasyndaky awtoduralga gelipň saklandyk. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgäri şol ýerde awtoulaglarymyzy goýup, şähere gitmelidigimizi düşündirip, sürüjilik şahadatnamalarymyzy gaýtaryp berdi.

Welaýat belgili awtoulaglaryň şäherde görünmeli däldiklerini hem berk duýdurdy. Biz şondan soňra Çoganlydan çem gelen awtoulagda Aşgabadyň içindäki myhman ýerimize aşdyk” diýip, Mergen gürrüň berdi.

Aşgabada ýylda 1-2-gezek gezelenje gelýän welaýat ýaşaýjylary üçin, bu düzgün juda ýokuş degýär. Aşgabada iş-alada bilen häli-şindi gelýän ýa bolmasa kireý edýän sürüjiler munuň her gün gaýtalanyp duran düzgündigini, her niçik ýokuş degse-de, alajsyz galýandyklaryny aýdýarlar. Olar welaýatlaryň ala tutulmagynyň ýokuş degýändigini bildirýärler.

Öz ýurduň içinde islendik ýerden ýöremäge, islän ýeriňe barmaga gadagançylyklaryň artýandygynyň faktlarynyň ýaşaýjylara juda ýaramaz täsirini ýetirýändigini, kemsitmeleriň esasan sürüjiler bilen has köp baglydygyny welaýat ýaşaýjysyndan eşitmek bolýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG