Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Wekiller öýi eýranly protestçilere egsilmez goldawyny beýan edýär


Eýrandaky protestleriň goldawçylary Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde demonstrasiýa geçirdiler. 6-njy ýanwar, 2018 ý.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi eýranly protestçilere öz goldawyny beýan edýän, şeýle-de Eýranda iki hepdeläp dowam eden demonstrasiýalarda Tähranyň tutda-baslygyny ýazgarýan rezolýusiýany tas biragyzdan kabul etdi.

9-njy ýanwarda kanun çykaryjylar bu çözgüdi 415 agzanyň goldamagynda tassyklady.

Wekiller öýi Eýranda zalym hem-de korrumpirlenen režime garşy legitim we parahat protest çärelerine gatnaşan eýran halkyny goldaýar. Şeýle-de, palatamyz Eýranda hökümetiň öz halkynyň hukuklaryny gözgyny kemsitmegini ýazgarýar” diýlip, Wekiller öýüniň rezolýusiýasynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde Wekiller öýüniň kabul eden rezolýusiýasy Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyny Eýranda adam hukuklaryny bozýanlara garşy täze sanksiýa girizmäge çagyrýar.

“Eýran halkynyň arkasynda durmak bilen bir hatarda biz sanksiýalaryň halka gönükdirilmeýändigini olara düşündirmeli” diýip, Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ed Roýs aýtdy.

“ABŞ-nyň sanksiýalary eýran halkyna däl-de, zulumkeş we durnuksyzlaşdyryjy režime garşy gönükdirilýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

9-njy ýanwarda eýranly bir kanunçykaryjy hökümete garşy protestleriň dowamynda 3700 adamyň tussag edilendigini aýtdy. Ýokary lider Aýatolla Ali Hamaneýi “ABŞ-nyň we Britaniýanyň Eýranda bulagaýçylyk döretmek synanyşyklarynyň öňüniň alnandygyny” öňe sürdi.

Reformaçy kanun çykaryjy Mahmud Sadeginiň tussag edilenleriň sany barada mälim eden maglumatlary häkimiýetleriň bildirişindäki sanlardan çendenaşa ýokarydyr.

28-nji dekabrda ýurtdaky işsizlikden we resmileriň baş goşýan korrupsiýa hadysalaryndan nägile halk Eýranyň onlarça şäherinde protest çärelerine girişdi. Käbir demonstrasiýaçylar ýurtda yslam kanunlarynyň agalygyny saklap galýan konserwatiw dini ruhanylaryň we Hamaneýiniň tagtdan agdarylmagyna çagyryş etdiler.

Hamaneýi Twitter arkaly ýazan maglumatynda ýene-de daşary ýurtlary, şol sanda ABŞ-y we onuň ýaranlaryny protestleri guramalaşdyrmakda günäkärledi. ABŞ we beýleki hökümetler bu aýyplamalary ret edýär.

9-njy ýanwarda özüniň resmi Twitter hasabynda ýazan maglumatynda Hamaneýi: “ABŞ-a Britaniýa we daşarda oturyp Eýran Yslam Respublikasyny ýykmaga synanyşýanlara milletimiz ýene-de bir gezek ýüzlenýär: ‘Siz ýeňildiňiz, siz geljekde-de ýeňilersiňiz” diýdi.

Hamaneýi demonstrasiýaçylaryň käbir talaplarynyň “akýürekli we dogry talapdygyny” aýtdy. Ýöne ol bu sözlerini aýdyňlaşdyrmady.

Tolgunyşyklaryň dowamynda hökümetiň protestlere garşy alyp baran tutda-baslyklarynyň netijesinde 22 adam öldürildi.

Eýranyň Adam hukuklary boýunça Merkezi tussag edilen üç protestçiniň ölüminiň dokumentleşdirilendigini mälim etdi diýip, “Associated Press” 9-njy ýanwarda habar berdi. Tähranyň Ewin türmesinde bolup geçen bir ölüm hadysasyny häkimiýetler “öz janyna kast etdi” diýip düşündirýärler.

Şeýle-de, Tähranyň 235 km günorta-günbatarynda ýerleşýän Arak şäherinde tussag edilen bir adam öldi diýip, Adam hukuklary merkeziniň maglumatynda aýdylýar. Maşgala agzalary onuň kellesine “edil paltalanan ýaly” elhenç şikes ýetendigini aýdýar diýip, agzalýan Merkeziň maglumatynda habar berilýär.

9-njy ýanwarda Eýranyň sudy özüniň Mizan habar agentligi arkaly Arakda bolan ölüm hadysasyny tassyklady we ol ýerde ady agzalmaýan tussaglykdaky bir adamyň öz janyna kast edendigini mälim etdi.

Agzalýan merkez Tähranyň 460 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän Dezful şäherinde wagtlaýyn tussaglykda saklanýan bir adamyň hem ölendigini öňe sürdi. Dezfuldaky ölüm hadysasy barada ondan ozal habar berilmändi.

Hamaneýi ýurtdaky protestler boýunça günäni Eýranyň duşmanlarynyň üstüne atdy. Ol özüniň Eýranyň ýörite gulluklarynyň hasabatlaryna salgylanýandygyny öňe sürüp, “bu hadysalary üçburçlyk häsiýetli strukturalar turuzdy” diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG