Sepleriň elýeterliligi

Prezident 'ýaramaz ýagdaýlary döredýän sebäpleri' aradan aýyrmagy talap edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. 21-nji noýabr. TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýylyň 11 aýyndaky işleriniň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisini geçirip, täze satyn alnan harby tehnikalar bilen tanyşdy.

Howpsuzlyk geňeşiniň mundan öňki göçme mejlisi 21-nj noýabrda geçirildi we şonda hem prezidentiň täze getirilen ýaraglar, harby tehnikalar bilen tanşandygy habar berildi.

Soňky aýlarda türkmen mediasy prezidentiň täze ýaraglar, tehnikalar bilen tanşyp, olary elin synagdan geçirýändigini hem habar berýär.

Şol bir wagtda türkmen goşunynyň ozal diňe sowet harby tehnikasyna esaslanan ýaraglarynyň indi haýsy ýurtlarda öndürilen ýaraglar bilen çalşyrylýandygy anyk aýdylmaýar.

Berdimuhamedowyň soňky aýlarda yzly-yzyna geçiren howpsuzlyk maslahatlary we olaryň dowamynda resmileriň käbirine berlen käýinçler we duýduryşlar, hökümete ýakyn çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýurduň serhedini bozup, Türkmenistanyň territoriýasyna geçendigi aýdylýan şübheli şahslar bilen bagly.

Aýdylmagyna görä, olaryň käbiri ele salnypdyr, beýlekileri bolsa gözlenilýär. Soňky aýlarda paýtagtyň töwereklerinde, uly ýollaryň çatryklarynda ýolagçylary we awtoulaglary berk barlap başlamaklary hem şu ýagdaý bilen bagly diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berýär.

Emma muňa garamazdan, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda bu ýagdaýlar barada hiç bir zat aýdylmaýar.

Ikinji tarapdan, bu maslahat türkmen goşunynyň hatarynda gulluk edýän esgerleriň aç galmazlyk üçin ene-atalaryndan pul soraýandygy barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Gowuşýan maglumatlara görä, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar esgerlere goýberilýän azyk önümleriniň hiline we möçberine hem ýaramaz täsir ýetirýär we ýolbaşçylar bu ýagdaýdan çykmak üçin harby bölümlerde hususy azyk dükanlarynyň açylmagyna rugsat berdiler. Emma türkmen hökümeti bu habarlary ne inkär edýär, ne-de tassyklaýar.

Mysal üçin, Berdimuhamedow 21-nji noýabrda geçirilen howpsuzlyk maslahatyndan öň Köpetdagyň etegindäki harby berkitmede esgerleriň aşhanasy we naharhanasy bilen hem tanyşdy, emma metbugatda esgerlere berilýän azyk önümleri barada maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň serhetleri, rus ekspertleriniň käbriniň pikirine görä, Owganystandan abanýan ekstremizm howpunyň öňünde iň gowşak goralýan ýerleriň biri bolup durýar. Ýöne Türkmenistan oňyn bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, rus resmileriniň bu meselede teklip edýän kömek-ýardamlaryna açyk bir jogap gaýtarmaýar.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertlerde gürleşen ýerli synçynyň ynanjyna görä, türkmen prezidentiniň ýygy-ýygydan howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirmegi, serhetçileriň täze ýaraglary we tehnikalary bilen tanyşmagy bir tarapdan tarapdan rus metbugatynda türkmen goşunynyň synaglara taýýar däldigi barada aýdylýan pikirlere jogaby bolsa, ikinji tarapdan, ykdysady ýagdaýlar agyrlaşdygyça, onuň howpsuzlyk meselesindäki rahatlygynyň azalýandygyny görkezýär.

Prezident Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýewiň hasabatyny diňledi.

Döwlet baştutany bu gulluga “ygtybarly işgärleri saýlap almalydygyny” belläp, onuň baş wezipeleriniň biriniň “ýaramaz ýagdaýlary döredýän sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmak” bolup durýandygyny aýtdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident 21-nji noýabrda “özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine ýaramaz täsir ýetirýän ýagdaýlary aradan aýyrmagyň” MHM-niň baş wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýdypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG