Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söwda ministrliginiň ammarlarynda 'import un gutarýar, ýerli unuň hili pes'


Türkmenistan. Bazardan çörek alyp gelýän adam. Arhiw suraty
Türkmenistan. Bazardan çörek alyp gelýän adam. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Söwda ministrliginiň un ammarlarynda Gazagystandan, Orsýetden, Birleşen Arap emirliklerinden getirilen import unlarynyň ätiýaçlyklary gutarýar, olar Gazagystanyň, Orsýetiň we Awstraliýanyň unlaryny öz markalary bilen satýarlar diýip, Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi habar berýär.

Onuň sözlerine görä, häzirlikçe ätiýaçlyk un bar we onuň möçberi hem az däl, emma unuň bir aý içinde gutarmak ähtimallygyndan alada bildirilýär. “Etrap ýerlerinde un gytçylygy kän duýulmasa-da, eýýämden assortiment dürlüligi ýok, ýerli uny köpeldip başladylar, ýöne onuň hili pes” diýip, Azatlyk radiosyna gowşan habarda aýdylýar.

Geçen hepde Azatlyk radiosyna Mary welaýatynyň “Garagum etrabyndan bir fotosurat gelip gowuşdy, onda öňünde diňe garawuly oturan un dükany görünýär. Şeýle-de, garagumly diňleýjimiz öz etraplarynda geçen ýylyň 26-njy dekabryndan bäri un satylmaýandygyny habar berdi.

Garagum etrabyndaky un dükany
Garagum etrabyndaky un dükany

Emma Aşgabatda ýaşaýan raýat aktiwist Ýaýlym Begow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Mary welaýatynda unuň biraz gymmat bahadan tapylýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky un, azyk ýetmezçiligi ýa halkyň gündelik sarp edýän önümleriniň bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýandygy barada çykan maglumatlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär, ýöne prezident Berdimuhamedow geçen ýylyň ahyrynda azyk howpsuzlygy boýunça ýörite komissiýa döredip, ýurtdaky azyk aladalarynyň esassyz däldigini gytaklaýyn tassyk etdi.

Geçen ýylyň dekabrynda gowşan maglumatlara görä, Daşoguz welaýatyndaky un, bugdaý-arpa önümleriniň, hususan-dakepegiň gytçylygy baryp noýabr aýynda başlandy.

Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy şonda 1 kilogramy döwlet nyrhynda 30 teňňeden satylan kepegiň bahasynyň “gara bazarda”üç esseden gowrak gymmatlap, 1 manada ýetendigini habar berdi. Bellemeli ýeri, kepekden öň ýurduň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasy üç essä golaý gymmatlady.

Bu gymmatlaşyk Türkmenistanda ilata 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri berilýän ýeňillikleriň ýatyrylmagyna we hojalyklarda ulanylýan tebigy gaza, elektrik toguna we suwa täze nyrhlaryň girizilmegine gabat geldi.

“Gurbansoltan eje we Nyýazow adyndaky etraplaryň merkezlerindäki galla dükanlarynyň öňünde azyndan 300 adamly nobatlar döredi, köp adam döwlet bahasyndan her maşgala 20 kilogramdan satylýan kepek paýyny alyp, soňra "gara bazar” nyrhyndansatýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de ol kepek nobatynda adamlaryň arasynda uruş-dawanyň turýandygyny, şu sebäpden nobata polisiýa işgärleriniň gözegçilik edýändigini habar berdi.

Türkmenistan geçen ýyl bugdaý öndürmek boýunça göz öňünde tutulan planyň doldurylmandygyny boýun aldy we ýurda azyklyk üçin zerur bolan gallanyň öndürilmändigi üçin ilki welaýat häkimlerine käýinç berildi, soňra iki welaýatyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de prezident geçen ýyl ýurduň agrar senagatyndaky işleriň guralyşyndan nägile bolup, oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýerini täzeledi.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllaryndaky un, çörek gytçylygyna ilkinji gezek 1994-nji ýylda sezewar boldy. Şondan soň hökümet ýurtda un, azyk howpsuzlygysyýasatyny öňe sürdi. Emma ýurtdaky ekerançylyk ýerleri, suw dolulygyna döwletiň ygtyýarynda galdyryldy, kärendeçilerden satyn alynýan oba hojalyk önümleriniň nyrhlary az üýtgedildi.

Netijede, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan oba hojalyk spesialistleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň bazarlary barha kän import edilýän önümlere garaşly bolýar.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamedow her gezek agrar meseleden söz açanda, döwletiň oba hojalyk işgärleri üçin ähli şerti döredendigini gaýtalaýar.

XS
SM
MD
LG