Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar geçilmedik sapaklary tölegsiz okatmaga mejbur edilýär


Mekdep mugallymy we okuwçylar

Aşgabadyň orta mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň köpüsi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe geçilmedik sapaklary tölegsiz okatmaga mejbur edilýär.

Aşgabadyň 52-nji, 55-nji we 48-nji mekdeplerinde işleýän ençeme mugallymyň Azatlygyň ýerli çeşmelerine aýtmagyna görä, 9-10-njy ýanwarda paýtagtyň mekdepleriniň tas ählisinde diýen ýaly etrap Bilim bölümleriniň resmileriniň gatnaşmagynda Mugallymlar geňeşi geçirildi. Şol geňeşde mugallymlar okuw ýylynyň birinji ýarymynda, has takygy, "Aşgabat 2017" oýunlary döwründe geçilmedik sapaklary tölegsiz okatmaga borçly edildi.

“Mekdep mugallymlary goşmaça sapaklaryň ortaça 48 sagatdygyny gürrüň berýärler. Şol geçilmeli 48 sagat üçin hak tölenjek däl diýlipdir. Sebäbi Aziýa oýunlary geçirilende, kanikul günleri boldy diýlipdir” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew mugallymlara salgylanyp gürrüň berdi.

Ýöne mugallymlar geçen ýylyň sentýabr aýynda paýtagtda geçirilen "Aşgabat 2017" oýunlary döwründe okuwçylara dynç alyş berilse-de, özleriniň her gün işe çykandygyny, munuň üstesine-de, şol günlerde mekdebi hem-de onuň töweregindäki köçeleri süpürip, ýollaryň gyrasyndaky bag-bakjalary arassalamaga mejbur edilendiklerini aýdyp, bu ýagdaýdan nägile bolýarlar.

Bugaýew bilen söhbetdeş bolan mugallymlar mekdep we etrap bilim bölüminiň resmileriniň beýle nägilelige çözgüt tapmagyň deregine, özlerine işden çykarylmak haýbatyny atandygyny aýdýarlar.

“Mugallymlar ‘biz şol günler işledik, indem biz näme üçin 48-50 sagady mugt okatmaly?’ diýip soranda, olaryň hemmesine gödeksi jogap beripdirler. ‘Beýle özüňi aýaýan bolsaň, şu ýerde ýygnakdan çykmankaň, işden gidýänligiň hakynda arzaňy ýazaý. Sen bolmasaň, senemjan. Bizde iş ýeri tapylsa, mugallym tapylýar’ diýip jogap beripdirler. Mugallymlar iş orunlaryny ýitirmezlik üçin, bialaç mugt işlemäge mejbur edilýär” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, mugallymlar özleriniň okuwçylara hakyky, çuň we doly bilim bermegiň tarapdarydygyny, ýöne muny häkimiýetleriň okuw programmasyny göwne gelşi ýaly üýtgedip, bilim işgärlerini mugt işlemäge mejbur etmek arkaly amala aşyryp bolmajakdygyny hem-de munuň kanundan çykma ýagdaýdygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Köpetdag etrap bilim bölümi bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýatlap geçsek, türkmen häkimiýetleri 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçen döwründe orta we hünär mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda 12 günlük dynç alyş yglan edipdiler.

Şonda mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň köpüsi “Aşgabat-2017” oýunlary bilen baglanyşykly dürli çärelere gatnaşmaga mejbur edilse, mugallymlaryň galan bölegi mekdepleriň töweregini we köçeleri arassalamak işlerine çekilipdiler.

Türkmenistanda mugallymlar ýokarda agzalan ýagdaýlardan başga-da köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga, mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin pul bermäge we toplamaga, her ýylda iki gezek gazet-žurnallara ýazylmaga mejbur edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG