Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda şikesli adamlary maýyplyk pensiýasyndan mahrum edýärler


Atlandyrylmasyzlygyny soran 3-nji derejeli maýyp onsuzam hökümetiň berýän pensiýasynyň hatda iň bärki dermanlary almaga ýetmeýändigini aýdýar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Daşoguzda mundan birnäçe ýyl ozal 3-nji derejeli maýyplyga çykan raýatlar täzeden saglyk barlagyndan geçirilip, ýagdaýlarynda sähel gowulaşma anyklansa, döwlet maýyplyk pensiýalaryndan mahrum edilip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, şu hepdäniň duşenbe gününden bäri welaýatyyň ähli etraplarynda 3-nji derejeli maýyplar barlag üçin, ýerli keselhanalara çagylylyp başlanypdyr.

“Eger-de maýyplyk pensiýaňy saklap galjak bolsaň, saňa arka çykjak tanşyň bolmaly, bolmasa-da lukmana 500 manat möçberinde para bermeli” diýip, süýji keselinden ejir çekýän daşoguzly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran 3-nji derejeli maýyp onsuzam hökümetiň berýän pensiýasynyň hatda iň bärki dermanlary almaga ýetmeýändigini aýdýar.

“Eger-de öň býujet edarasynda işläp maýyplyga çykan bolsaň, onda saňa iň köp bolanda, her aýda 450 manat berilýär; bolmasa-da 200-250 manat aralygynda. Maňa zerur bolan insulin dermanynyň diňe özi 280 manat” diýip, ol çykgynsyz ýagdaýa düşendigini ahmyr bilen gürrüň berdi.

Häkimiýetleriň maýyplara garşy başladan bu soňky hereketleri dogrusynda degişli resmiler nähilidir bir maglumat ýa-da düşündiriş bermekden ýüz öwürdiler.

Şol bir wagtda, 3-nji derejeli maýyplary kömek pullaryndan mahrum etmek bilen birlikde, mätäçligi bolan adamlaryň, dürli bahanalar bilen asla-da maýyplyga çykyp bilmeýändigi barada dowamly maglumatlar gowuşýar.

Ýakynda, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan diňleýjilerimiziň biri özüniň maýypdygyny, emma hökümetiň talap edýän üç arka barlagyndan geçip bilmändigi sebäpli, oňa maýyplyk derejesiniň we kömek pulunyň berilmändigini aýtdy.

Atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenistanly özüniň üç arkasy baradaky maglumatyna degişli kynçylygynyň jikme-jiklerini mälim etmedi, diňe “40 ýyl mundan ozal bolan sud işine meniň nähili dahylym bar” diýip nägileligini bildirdi.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy bilen habarlaşan raýatlar hem bu ýokarky ýagdaýlary tassyklap, ikinji derejeli maýyplyga çykmak üçin, lukmanlara we barlag komissiýasyna berilýän paranyň möçberiniň 5 müň manatdan hem geçendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, maýyplyk kömek pullaryny alýanlar ozal mugt berilýän däri-dermanlara belli bir tölegiň girizilendigine, galyberse-de, käbir zerur medisina serişdeleriniň asla-da ýitirim bolandygyna ünsi çekýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmelerine maglumat beren 3-nji toparda durýan bir maýyp raýatyň sözüne görä, indi özi ýaly şikeslileriň owal mugt bolan däri-dermanyndan, ýüzden 2 göterim töleg soralýar.

"Mundan owal 1-nji, 2-nji we 3-nji toparda durýan maýyp hem şikeslilere ýörite resminama bilen mugt däri-derman berilýärdi. Häzir diňe 1-nji we 2-nji topardakylara mugt derman berilýär. 3-nji toparda durýan maýyp hem şikeslilerden bolsa aljak dermanynyň ýüzden 2 göterimini tölemegi talap edilýär. Adamlar derman gytçylygy bolany üçin pul bermäge razy, ýöne gynansagam, puluň bolaýanda-da gerek bolan dermanlar pula-da tapdyranok. Häzir Daşoguz welaýat merkezinde hem tapdyrmaýan dermany Aşgabada gatnaýan taksiçilerden sargaýarlar. Ýöne derman gytlygy sebäpli taksiler we otly bilen getirýänler öz araçylyk haklaryny juda ýokarlandyrdylar. Etraplardaky hekimlerem adamlara: "Biz derman üçin hiç zat edip bilemizok. Garaşyň, hökman bir wagt geler. Gaýrat ediň" diýýärler. Kesel ýakaňdan tutanda gaýratyňa seredýärmi ýa-da dermanyň geljek wagtyna garaşýarmy? Beýdip halky dermansyz kösemeseler gowy bolardy" diýip, ol Azatlyk Radiosyna derman kösençlikleri barasynda gürrüň berdi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barasynda, degişli resmilerden hiç hili reaksiýa alyp bolmaýşy ýaly, döwlet resmileri we mediasy hem bular barada dymýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG