Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew gazaklaryň garaşsyzlygyny goldaýandygy üçin, Trampa minnetdarlyk bildirdi


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew (çepde) we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp. 16-njy ýanwar, 2018 ý.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Waşingtonyň öz ýurdunyň territorial bütewiligini goldaýandygy üçin, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi. Iki lider regional howpsuzlygy, ykdysady meseleleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirýär.

16-njy ýanwarda bellenen tertipde resmi günortanlyk naharyna geçmezinden ozal žurnalistleriň öňünde eden gysga çykyşynda Nazarbaýew Trampy onuň prezidentlik wezipesine girişmeginiň birinji ýyldönümi bilen hem gutlady.

“Gazagystan elmydama-da oňat syýasy gatnaşyklaryň hözirini gördi we biz özümiziň garaşsyzlygymyzy we territorial bütewiligimizi Amerikanyň goldaýandygyna minnetdar” diýip, ol terjimeçiniň üsti bilen eden çykyşynda aýtdy.

Nazarbaýew öz eden çykyşyny anyk aýdyňlaşdyrmady. Ýöne Merkezi Aziýada ýerleşýän bu döwlet Moskwanyň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny basyp alyp, gündogar Ukrainada bulagaýçylygy öjükdirmeginden bäri, Orsýetiň Gazagystan ýaly ozalky Sowet respublikalary bilen bagly alyp barýan syýasatyndan hatyrjem däl.

Ilaty esasan etniki gazaklardan düzülen Gazagystanda etniki ruslar az däl. Olar ýurduň jemi ilatynyň takmynan 20 göterimine barabar bolup, esasan Gazagystan bilen Orsýetiň demirgazyk araçäginde küren tutup ýaşaýarlar.

Gazagystan Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny alany bäri ýurda 26 ýyllap baştutanlyk edýän Nazarbaýewiň prezidentlik döwründe Amerikada azyndan alty prezident çalyşdy. Tramp Nazarbaýewiň iş salyşýan azyndan altynjy amerikan prezidentidir.

26 ýylyň dowamynda Nazarbaýew öz ýurduny ykdysady taýdan regional güýje öwürmegi başardy. Şeýle-de, ýurduň tebigy baýlyklaryny, esasan-da nebit we gaz pudagyny ösdürmekde san taýdan az bolmadyk daşary ýurtly maýadarlary ýurda çekmegi başardy.

Ýurduň Hazar deňzindäki “Tengiz” we “Kaşagan” nebit ýataklarynda, dünýäniň iň uly nebit gorlary ýerleşýär.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, Nazarbaýew öz ýurdunda islendik syýasy oppozisiýany ýok edip, raýat guramalarynyň hem-de adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň ýurtda garaşsyz iş alyp barmaklaryna uly kynçylyk döretdi.

“Strategiki hyzmatdaş”

77 ýaşly Nazarbaýew öňki sowet respublikalarynyň wezipe başyndaky prezidentleriniň arasynda iň ýaşulusy bolup, soňky ýyllarda onuň ornuna kim nähili ýagdaýda geçerkä diýen soraglar döräp başlady.

Ak tamyň Ruzwelt (Roosevelt) otagynda eden çykyşynda Tramp Gazagystany “güýçli, özbaşdak hem-de garaşsyz” ýurt diýip taryplady we ony Birleşen Ştatlaryň “dosty hem-de strategiki hyzmatdaşy” diýip häsiýetlendirdi. Tramp Nazarbaýewe amerikan harbylaryny we harby enjamlaryny öz ýurdundan Owganystana üstaşyr geçirmekde beren ýardamlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu aralykda, Nazarbaýew Gazagystanyň iki sany regional güýç läheňleriniň, ýagny demirgazykda Orsýetiň we gündogarda Hytaýyň arasynda ýerleşýändigine ünsi çekip, “C5 + 1” diýlip tanalýan Amerikan tagallalarynyň dowamynyň gelmegini sorady. Trampdan öňki prezident Barak Obamanyň başlangyçlary bilen ýola goýlan bu programmanyň üsti bilen ABŞ Gazagystan hem-de beýleki dört Merkezi Aziýa ýurdy bilen, ýagny Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy maksat edinýär.

Şeýle-de, Nazarbaýew amerikan kompaniýalarynyň öz ýurdunda 7.5 milliard dollara barabar işiň ýerine ýetirilendigini, şol sanda has köp “Boeing” uçarlarynyň satyn alynmagy boýunça ylalaşyklary hem-de täze 900 sany “General Electric” kompaniýasynyň lokomotiwlerini almak boýunça gol çekilen şertnamalary belläp geçdi.

Şol bir wagtyň özünde, iki lider Demirgazyk Koreýa barada-da maslahat edip, Tramp Gazagystanyň “Koreýa ýarym adasyny ýadro ýaraglaryndan arassalamakda degerli hyzmatdaşdygyny” nygtady.

“Biz bilelikde Demirgazyk Koreýanyň režiminiň ýadro heläkçiligi bilen dünýä haýbat atmagynyň öňüni almakda tutanýerlilik görkezýäris” diýip, Tramp belledi.

Nazarbaýew özüniň Birleşen Ştatlary bilen Demirgazyk Koreýanyň hem-de Eýranyň arasynda araçylyk etmäge umyt baglaýandygyny aýtdy. Agzalýan iki ýurt bilen Waşingtonyň arasynda resmi diplomatik gatnaşyk ýola goýulmadyk.

Tramp 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleriniň arasynda gol goýlan ýadro ylalaşygyny ýiti tankytlady we ondan çekilmek barada haýbat atdy.

Nazarbaýew özüniň araçy bolmaga ornunyň bardygyny, sebäbi wagtynda öz ýurdunda dünýäniň iň uly ýadro ambarynyň ýerleşendigini, ýöne Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen ondan öz islegi bilen meýletin el çekilendigini belledi.

“Ýadro ýaraglaryny edinmäge synanyşýan ýurtlar bilen gepleşik geçirmekde Gazagystanyň ahlak taýdan jogapkärçiligi bar. Biz Eýran ýa-da Demirgazyk Koreýa bilen geçirilmeli gepleşiklerde şu ýoly yzarlaýarys” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Prezidentleriň hiç haýsysy metbugat wekilleriniň soraglaryna jogap bermedi.

Duşuşygyň öňýany Ak tam taraplaryň Owganystanda we onuň golaý-goltumynda ýaramazlaşýan howpsuzlyk ýagdaýlary barada-da maslahat edilmegine garaşylýandygy aýdylypdy.

Orsýet we Siriýa boýunça gepleşikler

Gazagystanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi “Kazinformyň” habar bermegine görä, Tramp bilen Nazarbaýew gepleşikleriň dowamynda, söwda meseleleri bilen bir hatarda Orsýet bilen gatnaşyklary hem-de Siriýadaky urşy maslahat ederler.

“Syýasy nukdaýnazardan çemeleşilende, biz regional we global howpsuzlyk meselelerini çözmekde we bu ugurlarda öňe gidişlik gazanmakda hyzmatdaşlyk edýäris. Owganystandaky ýagdaýlar, Siriýadaky konflikt we Orsýet bilen gatnaşyklar duşuşygyň üns merkezinde bolar” diýip, “Kazinform” gazak prezidentine geňeşdarlyk edýän Gazagystanyň Strategik barlag institutynyň direktorynyň orunbasary Sanat Kuşkumbaýewi sitirledi.

Gazagystan häzir BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gezekli-gezegine ýerine ýetirilýän prezidentlik möhletine başlyklyk edýär.

14-nji ýanwarda Gazagystanyň BMG-däki ilçisi Kairat Umarowyň baştutanlygynda, BMG-niň wekilçilikli topary Kabulda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani hem-de ýurduň baş dolandyrjy resmisi Abdylla Abdylla bilen duşuşyk geçirdi.

Şeýle-de, wekilçilikli topara ABŞ-yň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli we hytaýly, orsýetli hem-de britaniýaly diplomatlar gatnaşdy.

9-njy ýanwarda ABŞ-yň ilçisi Jorj Krol bilen Astanada geçirilen duşuşykdan soň, gazak prezidenti geçen 26 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan “dostlukly gatnaşyklaryň” ösdürilmegini isleýändigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG