Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýada ABŞ-nyň penasyndaky kürtlere garşy harby operasiýa meýilleşdirýändigini aýdýar


Kürt söweşejileri

Türkiýe ABŞ-nyň penasyndaky kürt jeňçi söweşijileriniň salýan “wehimine” gaýtawul hökmünde, Siriýanyň Afrin we Manbij regionlaryna harby operasiýa meýilleşdirýändigini mälim etdi. Agzalýan ýerler kürtleriň gözegçiligindedir.

18-nji ýanwarda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-yň Türkiýäniň günorta araçäginde ýerleşen siriýaly kürtlere berýän goldawy zerarly Ankaranyň Waşingtona “ynamsyz garamagy” dowam edýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Çawuşogly özleriniň Siriýanyň Afrin regionyna etjek harby operasiýalaryna Orsýetiň garşy çykmaly däldigini we howa operasiýalaryny amala aşyrmakda, Ankaranyň Moskwa we Tähran bilen bilelikde hereket edip biljekdigini aýtdy.

Çawuşoglynyň çykyşy ABŞ-yň döwlet sekretary Reks Tillersonyň ABŞ-yň siriýaly kürtlere berýän goldawyny aýdyňlaşdyrmak üçin, türk daşary işler ministri bilen duşuşandygyny aýtmagynyň ertesi gününe gabat geldi.

18-nji ýanwarda Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi Türkiýäniň howpsuzlyk güýçlerine Siriýanyň kürt gözegçiligindäki Afrin we Manbij regionlaryna harby operasiýa taýýarlyk görmäge buýruk berlendigini habar berdi.

Habarda “serhetde dörän howpsuzlyk wehimine garşy” Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän Hataý welaýatyna 18-nji ýanwarda türk harby tehnikalarynyň we tanklarynyň getirilmeginiň dowam etdirilýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, “Anadolynyň” habarynda 17-nji ýanwarda türk prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň baştutanlygynda geçirilen Milli Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagynda, ýurda günbatar Siriýadan abanýan howpa garşy Türkiýäniň “derhal” we “aýgytly” herekete geçmelidiginiň kararlaşdyrylandygy aýdylýar.

15-nji ýanwarda Erdogan Türkiýe-Siriýa araçäginde Birleşen Ştatlaryň döretjek bolýan “terror armiýasyny” özleriniň derbi-dagyn etjekdigini aýdyp haýbat atdy.

Ankara Waşingtonyň Siriýada “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy göreşýän Kürt Halkynyň Gorag Berkitmesi (YPG) bilen ýaranlyk etmegine gahar edýär. Türkiýe YPG-a terror topary hökmünde garaýar.

14-nji ýanwarda ABŞ-yň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Siriýanyň serhedinde Waşingtonyň 30 müň harbydan düzülen goşun döretjekdigini, munuň düzümine YPG-nyň hem giriziljekdigini aýdyp beýanat ýaýratmagy bilen türk hökümeti gazaba mündi.

Tillerson 17-nji ýanwarda Çawuşogla “myjabat berýän” “käbir adamlaryň” “ýagdaýy doly nädogry suratlandyryp”, “ýalňyş düşündirýändigini” aýdandygyny mälim etdi.

Ol Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky ýerli elementleri tälim-türgenleşik bilen üpjün etmegi maksat edinýändigini, özleriniň serhetde täze howpsuzlyk goşunyny döretmek niýetinde däldiklerini aýtdy.

Ýöne 18-nji ýanwarda Çawuşogly Tillersonyň düşündirişlerinden Ankaranyň “doly kanagatlanmaýandygyny” we Türkiýäniň Waşingtona “ynamsyz” garamagy dowam edýändigini nygtady.

Ankara Birleşen Ştatlaryň “terrorçy toparlar” bilen hyzmatdaşlygyny soňlaýandygynyň “anyk mysallaryny” görmek isleýär diýip, Çawuşogly aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG