Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda könelişen ulaglary awtoduralgada goýmak gadagan edildi


Aşgabatdaky tölegli awtoduralgalaryň biri

Türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň awtoduralgalaryndan sähel könelişen, ýagny motoryndan ýag damýan awtoulaglary çykaryp başladylar. Bu waka türkmen remsileriniň ýurtda gara reňkli awtomobillere garşy görýän çärelerini güýçlendiren mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 22-nji ýanwarda Aşgabadyň şäher we etrap häkimlikleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary paýtagtdaky tölegli awtoduralgalara aýlanyp, olaryň jogapkär resmilerine matoryndan ýag damýan ulaglary indi duralga almazlygy tabşyrdylar.

“[häkimlikleriň işgärleri] awtoduralganyň işgärlerine ‘maşynlardan ýag daman ýerleri himikatlar bilen ýuwuň, ýag damandygy görünmesin” diýip görkezme berdiler hem-de olara şu barlaglaryň yzygiderli dowam etjekdigi aýtdylar. Eger anti-freez ýa-da ulagyň motoryndan ýag daman bolsa, onda awtoduralganyň işgärleriniň administratiw jogapkärçiligine çekiljekdigi, olara jerime salynjakdygy we bu ýagdaý iki-üç gezek gaýtalansa, onda jerimäniň has uly möçberde boljakdygy we özleriniň-de işden boşadyljakdygy berkden-berk duýduryldy” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew paýtagtdaky awtoduralga işgärleriniň we ulag eýeleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan könelişen awtoulag eýeleriniň ençemesi ulaglary tölegli awtoduralgalardan başga ýerde goýmagyň gadagandygyny aýdyp, özleriniň çykgynsyz ýagdaýlary başdan geçirýändiklerini aýdýarlar.

“Könelişen awtoulag eýeleriniň köpüsi kireý edýän ýa-da bar gazananjasy bilen ulag alan raýatlardyr. Ýagny maddy ýagdaýy ýeter-ýetmez adamlar. Häzir ýag damýan maşynlary bejertmek azyndan 3000 manada durýar. Şäheriň köçelerinde ulaglaram goýup bolmaýar. Şonuň üçin indi maşynlarymyzy şäheriň gyrak-bujagyna, ýagny polisiýa işgärleriniň aýlanmaýan ýerlerine, meselem, Hitrowka sebitindäki tanyş-bilişlerimiziň howlusynda goýýarys. Ulaglarymyzy soňy bilen sataýmasak, alajymyz ýok” diýip, özüni Goçmyrat diýip tanyşdyran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Ýerli synçylaryň we awtoulag eýeleriniň ençemesi şäherdäki ulaglaryň azyndan 50%-niň indi 15-20 ýyl bäri ulanyşdadygyny aýdyp, bu çäräni häkimiýetleriň könelişen maşynlary paýtagtdan çykarmak üçin edýän tagallasy diýip düşündirýärler.

Şol bir wagtda, bu çäräniň sebäpleri barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilýär.

Ýatlap geçsek, bu türkmen häkimiýetleri tarapyndan hususy awtoulag eýelerine garşy alnyp barylýan ilkinji gadagançylyk däl. Dekabr aýynyň aýagynda we ýanwar aýynyň başynda paýtagtda we ýurduň ençeme welaýatynda gara ýa-da garamtyl reňkdäki awtoulaglary sürmäge gadaganlyk girizildi.

Ýurtdaky “gara maşyn” gadaganlygy ýerli ussahanalaryň agzynda uzyn nobatlaryň döremegine we maşyn reňkletmegiň bahasynyň birden ençeme esse ýokary galmagyna getirdi. Häzirki wagt maşynyň ak reňke boýatmagyň nyrhy käbir ussahanalarda 8000 manada, käbirinde 11 000 manada çenli baryp ýetdi.

Türkmenistanda könelişen awtoulaglara garşy alnyp barylýan bu çäre, şeýle-de, gara ýa ak däl maşynlary ak reňke boýatmak talaby ýurtda dollaryň “gara bazar” nyrhynyň 12 manada golaýlan, sosial ýeňillikleriň ýatyrylan we iş orunlarynyň köpçülikleýin gysgaldylýan wagtyna gabat geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG