Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peterburgda tussag edilen studentiň Türkmenistana tabşyrylmagy mümkin


Pulkowo aeroporty, Sankt Peterburg

Sankt Peterburgda tussag edilen studentiň Türkmenistana tabşyrylmagy mümkin. Adam hukuklary boýunça “Memorial” guramasynyň bu barada 29-njy ýanwarda ýaýradan maglumatyna görä, 22 ýaşly türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýew 2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda agşam Sankt Peterburgyň Pulkowo aeroportunda pasport gözegçiliginden geçen wagtynda tussag edilipdir. Jumadurdyýewiň öz ýurdunda “döwlete garşy hereketlerde” we “dini ekstremizmde” aýyplanýandygy maglumatda aýdylýar.

Stambula uçmaga synanyşan Jumadurdyýew hiç bir jenaýata gatnaşygynyň ýokdugyny aýdýar. Ol 2013-2017-nji ýyllarda Sankt Peterburgyň Aerokosmiki abzallaryň gurluşygy boýunça döwlet uniwersitetiniň bölümi bolan Iwangorod Gumanitar-tehniki institutynda okapdyr we ony bakalawr derejesinde tamamlap, magistraturada okuwyny dowam etdirmegi we Orsýetiň raýatlygyny almagy planlaşdyrypdyr.

“Memorialyň” maglumatyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň raýaty Jumadurdyýew Sankt Peterburgyň deslapky tussaghanasynda saklanýar, onuň işine Orsýet Federasiýasynyň Baş prokuraturasynda garalýar.

Habar berlişine görä, Jumadurdyýew 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda orsýet wizasynyň möhletiniň dolmagy sebäpli täzesini Orsýetiň Türkiýedäki konsulhanasynda almak üçin, 6-njy dekabrda Stambula uçmakçy bolanda halkara gözlegindäki şahs hökmünde saklanypdyr. 8-nji dekabrda Sankt Peterburgyň Moskwa etrap sudy onuň tussag astynda saklanmagyny kanunlaşdyrypdyr.

7-nji dekabrda irden Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi Jumadurdyýewiň aýratyn derejede agyr jenaýatlar üçin öz ýurdunda gözlenýändigini tassyklady. Türkmen häkimiýetleriniň Orsýete beren resmi maglumatynda, 1995-nji ýylda doglan Ahmet Jumadurdyýewiň №1812 iş boýunça derňewden gizlenýän şahs hökmünde 2017-nji ýylyň 31-nji martynda gözlege berlendigi aýdylýar.

Aşgabadyň polisiýa uprawleniýesiniň derňewçisi Hojamberdiýewiň Jumadurdyýewe garşy gaýybana öňe süren aýyplamasynda, onuň Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasynyň 1 bölegi (häkimiýeti eýelemek boýunça dildüwşük), 175-nji maddasynyň 2-nji bölegi (konstitusion düzgüni üýtgetmek boýunça köpçülikleýin çagyryşlar) we 177-nji maddasynyň 3-nji bölegi (milli ýa-da dini duşmançylygy tutaşdyrmak) we 275-nji maddasynyň 2-nji bölegi (guramaçylykly jenaýat toparynyň işine gatnaşmak) boýunça günälenýändigi aýdylýar diýip, adam hukuklary boýunça “Memorial” gurmasy habar berýär we Orsýetde okan studentiň “jenaýatçylykly hereketiniň” haçan we nämeden ybarat bolandygyny türkmen tarapynyň beren maglumatlarynda anyk aýdylmady, diýlip bellenýär.

Şeýle-de, adam hukuklaryny goraýjy guramanyň Jumadurdyýewiň garyndaşlaryna salgylanyp, habar bermegine görä, 2013-nji ýylda Orsýete okuwa baran Jumadurdyýew 2014-2015-nji ýyllaryň aralygynda dört gezek kanikul döwründe ýurduna barypdyr we onuň ýerli häkimiýetler bilen hiç hili problemasy döremändir, soňky sapar Aşgabada 2016-njy ýylyň sentýabrynda baryp gaýdypdyr.

Orsýetdäki türkmen diasporasy 22 ýaşly Ahmet Jumadurdyýewiň Türkmenistana tabşyrylan ýagdaýynda, onuň gynamalara sezewar edilmeginiň we syýasy häsiýetli galp aýyplamalaryň esasynda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmeginiň ähtimaldygyna aladalanma bildirýärler diýip, Adam hukuklary boýunça “Memorial” guramasynyň maglumatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosy Ahmet Jumadurdyýewiň ykbaly we oňa garşy gozgalan iş barada Türkmenistanyň resmilerinden kommentariý alyp bilmedi. Studentiň garyndaşlaryndan hem häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bolmady.

2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň din bilen bagly aýyplamalaryň esasynda, ýurduň daşyndaky raýatlary yzarlamagyna degişli birnäçe waka ýüze çykdy. 2017-nji ýylda “Al-Azhar” uniwersitetinde okan türkmen raýatynyň, 1986-njy ýylda doglan Annamyrat Atdaýewiň, “yslam ekstremizmi” aýyplamasy bilen sud edilenden soň, türkmen türmesinde ýitendigi we garyndaşlarynyň ondan hiç bir habar alyp bilmeýändigi habar berlipdi.

Ýaňy-ýakynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistany din azatlygyny depelemek boýunça syýasaty üçin ýazgardy. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 4-nji ýanwarda çap eden beýanatynda, Türkmenistan öz raýatlarynyň din azatlygynyň depelenmegine ýol beren ýa-da “aýratyn aladalanma döredýän” 10 ýurduň hatarynda agzaldy. Türkmenistan bu sanawda 2014-nji ýyldan bäri yzygiderli galýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG