Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Mirasdüşer” Serdar Berdimuhamedow Miras atyna atlandy


Serdar Berdimuhamedow (çepde) kakasy - Gurbanguly Berdimuhamedow bilen. Arhiwden alnan surat

Türkmen mediasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ogly – Serdar bilen atda aýlanyp, gezelenjiň dowamynda ýurtda ýokary netijeli sporty ösdürmegiň ugurlaryny maslahat edendigi barada ýörite reportaž görkezildi.

Serdar Berdimuhamedow türkmen mediasynda ozal-da wagtal-wagtal peýda bolýardy, emma bu atly gezelenç bilen baglanyşykly taýýarlanan reportažda ozalkylardan tapawutlylykda, göze ilýän bir ýagdaý bar. Bu-da: Serdar Berdimuhamedowyň Mejlisiň deputaty, Türkmenistanyň söweş sungaty milli federasiýasynyň ýolbaşçysy diýen derejeler bilen birlikde, ilkinji gezek “döwlet baştutanymyzyň ogly” diýip tanyşdyrylmagydyr.

Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň aýagynda Türkmenistanyň syýasy durmuşyna gatnaşyp başlapdy. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan deputat saýlanyp, geçen ýylyň martynda bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanypdy.

Serdar geçen ýylyň tomus aýlarynda ýurduň daşary syýasatynda has aktiw rol oýnap başlady, hususan-da Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy. Adatça, diňe prezidentiň saparlary barada maglumat berýän türkmen mediasynda, bu ýokary derejeli döwletara duşuşyklary barada, aýratyn reportažlar hem taýýarlanypdy.

Geçen ýylyň aýagynda Serdar Berdimuhamedowa öz atasy “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal hem gowşuryldy. Bu medal ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berilýär.

Şeýle-de Serdara mundan öň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at hem dakylypdy.

Mundanam başga, Serdar kakasy – Gurbanguly Berdimuahmedowyň mysalynda dürli desgalaryň açylyş dabaralaryna hem gatnaşyp başlady. Türkmenistanyň prezidentiniň oglunyň 27-nji dekabrda Kaka etrabynyň Duşak obasyndaky saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen baglylykda Ahal welaýatynda, prezidentiň saparlarynyň öňüsyrasyndaky ýaly, uly taýýarlyklaryň görlendigine hem üns çekilipdi.

Galyberse-de, prezidentiň oglunyň deputatlyga saýlanmazyndan ozal, onuň eýelän döwlet wezipeleri barada asla-da maglumat ýokdy. Emma şol pursat onuň Daşary işler ministrliginde bölüm müdiri, ýagny halkara habar serişdeleri bilen aragatnaşyk departamentiniň ýolbaşçysy bolup işländigi tassyk edildi.

Garaşsyz çeşmeler Serdar Berdimuhamedowyň ozal Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak agentliginiň ýolbaşçylarynyň biri bolandygyny, emma 2015-nji ýylyň iýulynda bu edara ýatyrylanyndan soň, DIM-de täze wezipä bellenendigini habar berlipdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan ekspertler häzirki ýagdaýlardan çen tutulsa, onda Berdimuhamedowyň ogly – Serdara mirasdüşer hökmünde garalýandygyny aýtsa boljakdygyny belleýärler.

Galyberse-de, Serdaryň ýekşenbe güni kakasy Gurbanguly Berdimuhmedow bilen gezelençde atlanan atynyň ady – Mirasdy.

Serdar Berdimuhamedowyň harby derejesi hem bolup, ol maýordyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG