Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda hususy taksiler, et, suw gymmatlady


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda – benziniň bahasynyň ýokarlanmagynyň fonunda – hususy eýeçilikdäki transport serişdeleriniň, azyk önümlerinden etiň we plastik gaplara gaplanan suwuň bahasy gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 2-nji fewraldan başlap paýtagtdaky hususy taksiler öz nyrhlaryny tas iki ýokarlandyrdylar.

“Indi Aşgabatdaky hususy eýeçilikdäki taksiler iň kelte aralyga gitjegem bolsaň, 5 manat diýýärler. Oň bu 3 manada barabardy. Eger şol aralyk uzynrak bolsa, 7-8-10 manat diýip, öz kesgitlän nyrhyny aýdýarlar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan käbir balkanly ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, bu gymmatlama Balkan welaýatynda hem bar.

“Balkanabatda hususy taksiler arkaly şäheriň islendik ýerine gitjek bolsaň, adam başyna gündizine 1 manat, gijesine 2 manat tölemelidi. Bu nyrh tas 100% gymmatlady. Indi her bir adam gündizine 2 manat, gijesine-de 3 manat tölemeli bolýar. Hususy taksilerde Türkmenbaşynyň halkara aeroportundan şäheriň merkezine gaýtmak üçin, bir adam öň 5 manat tölän bolsa, indi bu töleg 8 manada ýetdi” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Galyberse-de, aşgabatly ýazyjy Bugaýew bu gymmatlamanyň diňe şäher içinde kireý edýän hususy taksileriň nyrhynda däl, eýse welaýatlardan Aşgabada ýolagçy gatnadýan taksilerde hem göze ilýändigine ünsi çekýär.

“Balkanabatdan Aşgabada gaýdýan hususy taksiler fewral aýynyň başyna çenli her ýolagçydan 60 manat alýardylar. Indi şonuň 90 manada çykandygyny ýolagçylar gürrüň berýärler” diýip, Bugaýew belledi.

Bu gymmatlama “Haýýat”, “Ak ýol”, Arçalyk” ýaly firmalar tarapyndan öndürilýän we ýaşaýjylaryň öýlerine getirilip berilýän gazlandyrylmadyk agyz suwunda hem göze ilýär. Bu firmalar 2-nji fewrala çenli özleriniň plastik gaplara gaplanan 20 litrlik agyz suwuny 6 manatdan satan bolsa, şondan soň 8 manada barabar etdiler.

Mundanam başga, Aşgabadyň ýaşaýjylary “Gündogar” bazaryndaky gassaphanada soýlan etiň her 1 kilogramy üçin 20 manat töleýärdiler, indi bu nyrh 22-23 manada ýetdi.

Bu gymmatlamalar we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada häzirlikçe türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär. Hususy taksi eýeleri we işewürler bolsa, bu gymmatlamalaryň sebäplerini ýurtda benziniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen düşündirýärler.

Ýatlap geçsek, 1-nji fewralda Türkmenistanda benziniň bahasy gymmatlap, ozal 1 manatdan satylan A-95 markaly ýangyjyň 1 litriniň bahasy 1,5 manada, öň 94 teňňeden satylan A-92 markaly benziniň 1litrniň bahasy 1,35 manada ýokarlandyryldy.

Türkmenistanda – benziniň bahasynyň 50% gymmatladylmagynyň fonunda – dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň “gara bazardaky” nyrhynyň barha ýokarlanmagy hem dowam edýär.

Şu gün, ýagny 5-nji fewralda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 12 manat 20 teňňeden satyn alyp, 12 manat 60 teňňe we 12 manat 80 teňňe aralygynda satýarlar.

Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri bolsa, “gara bazarda” dollaryň türkmen manadyna görä hümmetiniň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, 1 amerikan dollarynyň bahasynyň 13 manada ýetendigini aýdýarlar.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri özüniň Lebapdaky çeşmesine salgylanyp, 4-nji fewralda bu welaýatdaky “gara bazar” söwdagärleriniň 1 amerikan dollaryny 12 manat 60 teňňeden satyn alandygyny, ýöne dollaryň ýoklugy sebäpli ony satuwa çykarmandyklaryny habar berdi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarky ýagdaýlar Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan we ozal mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylan, aýlyklaryň köplenç öz wagtynda berilmeýän, bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik edýän, işgärleriň köpçülikleýin işden boşadylýan we ýurtda un, şeker ýaly käbir azyk harytlarynyň gytçylygynyň dowam edýän döwründe bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG