Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň başynda gymmatladylan “Ahal” ýagy arzanlady


"Ahal" ýagy
"Ahal" ýagy

Ilat köpçüligi tarapyndan köp isleg bildirilýän ‘Ahal’ ýagynyň geçen ýyldaky bahasy 3 manat 40 teňňedi. Ol 2018-nji ýyla geçip, döwlete degişli dükanlarda 4 manat 40 teňňeden satylyp başlandy. Emma fewral aýynyň başyndan, döwlete degişli dükanlarda ‘Ahal’ ýagy ýene-de 3 manat 40 teňňeden satylýar.

‘Ahal’ ýagynyň arzan bahadan satuwa çykarylmagy, elbetde, Aşgabadyň ýaşaýjylaryny begendirdi. Köp çagaly we güzerany kyn hojalyklar üçin, bir litr ýagyň bahasynyň bir manat aşaklamagy uly kömek diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar. ‘Ahal’ ýagynyň bahasynyň şu ýyla geçip, iki gezek üýtgemeginiň özlerini geň galdyrýandygyny-da aýdýarlar. Ýöne geň galdyrýan diňe ‘Ahal’ ýagynyň bahasy däl.

“Döwletiň öndürýän önüminiň kesgitli bir bahasy bolmazmy? Hemişeler onýyllyklaryň dowamynda hem harytlaryň kesgitli bahasy üýtgemezdi. Indi bolsa islänlerini edip otyrlar. Isleseler bahalary ýokarlandyrýarlar, isleseler arzanladýarlar. Hususyýetçilige degişli önümleriň bahalarynyň üýtgäp durmagy, olaryň gün-günden gymmatlamagy dollaryň gara bazardaky nyrhy bilen bagly diýilýär. Emma döwlete degişli dükanlardaky harytlaryň gymmatlamagynyň sebäpleri hem, dollaryň gara bazary bilen baglymykan? Bu zatlara has ýokarrakdan gözegçilik edilmeýän bolmaly” diýip, Mähriban daýza aýdýar.

Türkmenistanda öndürilýän azyk önümleriniň hiliniň peselýändigini hem ýaşaýjylardan eşitmek bolýar. “Bereketli atlandyrylan kolbasa önümini iýjek bolsaň, ol edil kagyz çeýnän ýaly, tagamsyz hem gaty” diýýärler. Ýaşaýjylar nähili önüm satyn alanyňda, onuň hiliniň gowy çykjakdygyny öňünden bilip bolmaýandygyny aýdyp zeýrenýärler.

Bäherdeniň guş toplumynda öndürilýän towuk etleriniň hem alyjysy az bolany üçin, towuk etleriniň dükanlarda uzak wagtlap geçmän durýanlygy sebäpli, hiliniň peselýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Käte bir gyssanyp ýa höwes edip dükanlardan, guş toplumynda öndürilen towuk etini satyn alaýsaň, ol köplenç könelen bolup çykýar. Dükanlaryň sowadyjysynda doň görnüşinde duran wagty onuň hilini tanap bolmaýar. Satyn alyp, öýe getirip, doňuny çözüp bişirmekçi bolanyňda, onuň süňkleriniň garalyp gidendigini görse bolýar” diýip, öý bikeleri aýdýarlar.

Alyjyny gynandyrýan iň esasy zat bolsa bu zatlara gözegçiligiň ýoklugy. “Sanepidstansiýalar tarapyndan hiç bir gözegçilik ýok bolmaga çemeli. Ýogsam o ýyldan o ýyla hili pes önümleriň sany artmazdy” diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG