Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Benziniň bahasynyň ýokarlanmagynyň fonunda, süýt-gatyk önümleri 100% gymmatlady


Aşgabadyň "Kämil" söwda dükanynda satylýan süýt-gatyk önümleri

Türkmenistanda – benziniň bahasynyň ýokarlanmagynyň fonunda – ýerli firmalar tarapyndan öndürilýän süýt-gatyk önümleri ortaça 100% gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu gymmatlamany soňky iki günüň dowamynda paýtagtyň bazarlarynyň, hususy we döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň ählisinde görse bolýar.

“‘Aýazbaba’ atly 0,5 litrlik aýran öň 1 manat 30 teňňeden satylan bolsa, indi 3 manat 50 teňňeden satylýar. ‘Gönezlik’ atly 0,5 litrlik aýran öň 1 manatdan satylan bolsa, häzir 2 manada durýar. ‘Elin’ atly 0,5 litrlik aýran öň 1 manat 20 teňňeden satylan bolsa, indi 3 manatdan satylýar. Smetananyň dürli görnüşleriniň-de bahasy üýtgedi. 250 gramlyk gapda ýerleşdirilen smetana ozal 3 manatdan satylan bolsa, indi 4 manat 50 teňňeden we 5 manatdan satylýar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, süýt-gatyk önümleriniň söwdasyny edýän söwdagärler agzalýan önümleriň Aşgabat şäherinde öndürilmeýändigini we olaryň 100-400 kilometr uzakdaky etrapdyr şäherlerden getirilýändigini aýdyp, gymmatlamanyň sebäplerini benziniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen düşündirýärler.

“‘Elin’ firmasy Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýär. Mary welaýaty bilen paýtagtyň aralygy ortaça 400 kilometre deň. ‘Gönezlik’ firmasy Tejen şäherinde ýerleşýär. Tejenden ugradylan süýt-gatyk önümleri Aşgabadyň bazarlaryna gelip düşýänçä, awtoulagda diňe bir tarapyna 250 kilometr ýol geçmeli bolýandygyny gürrüň berýärler” diýip, Bugaýew Aşgabadyň “Mir” bazarynda süýt-gatyk önümleriniň söwdasyny edýän telekeçilere salgylanyp gürrüň berdi.

Galyberse-de, telekeçiler häzirki bahalaryň soňky gymmatlama bolmazlygynyň ähtimaldygyny, sebäbi fewral aýynyň ahyryna agzalýan firmalaryň öz öndürýän süýt-gatyk önümleriniň näçä düşýändigini we olary paýtagtyň bazarlaryna ýetirýänçä edýän çykdajylaryny gaýtadan hasaplap, bu azyk harytlaryna täze nyrh kesgitlemegi göz öňünde tutýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda, ýurduň demirgazyk welaýaty Daşoguzda un bilen baglanyşykly meseläniň barha ýitileşip, dükanlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň we başa-başlyklarynyň emele gelendigini, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleri habar berýärler.

“Daşoguz şäherinde unuň üstünde uly nobatlar, dawalar bolup dur. Adamlaryň başa-başlygyndan ýaňa, uny dükanlara düşürip bilmän, un maşynlarynyň yzyna gidýän ýagdaýlary hem bolýar. Adamlar un ýetmez öýdüp, biri-birinden öň aljak bolýar. Sebäbi öň un ýetmän, adamlaryň aglabasy eli boş öýlerine gaýdypdy” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmesi gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, döwlet dükanlarynyň jogapkär işgärleri her gün belli bir möçberdäki unuň satylmagyna rugsat berilýändigini, şondan soň indiki gün başlanýança ýaşaýjylara unuň satylmaýandygyny hem duýdurýarlar.

Ýatlap geçsek, 1-nji fewralda ýurtda beziniň bahasynyň 50% gymmatlamagynyň yz ýany, unuň bahasy hem barha ýokarlanyp, ol käbir sebitleriň, şol sanda paýtagtyň hem dükan tekjelerinden ýitirim bolup başlady.

Mundanam başga, ýurta un, süýt-gatyk önümleri bilen birlikde, hususy eýeçilikdäki transport serişdeleriniň, azyk önümlerinden etiň we plastik gaplara gaplanan suwuň bahasy hem ortaça 70% gymmatlady.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursuny 3 manat 50 teňňe möçberinde saklap galýan mahaly, soňky günlerde onuň “gara bazardaky” nyrhy taryhda rekord derejesine ýetip, ýurduň käbir regionlarynda 13 manatdan hem aşdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda aýdylan gymmatlamalar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada ilat köpçüligine häzire çenli düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler. Munuň deregine, resmi metbugatda ýurduň “bedew bady bilen ösýändigi” barada yzygiderli reportažlar görkezilýär ýa-da çap edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG