Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň nyrhy ýokarlanýar, harytlar gymmatlaýar


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we welaýatlarda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy häli-şindi üýtgäp, käbir regionlarda 13 manatdan hem aşdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň we habarçylarynyň tassyklamagyna görä, 7-nji fewralda “gara bazaryň” söwdagärleri 1 amerikan dollaryny ortaça 12 manat 60 teňňeden satyn alan bolsa, 13 manat 20 teňňeden hem satdylar. Ýöne 8-nji fewralda dollaryň türkmen manadyna görä hümmeti birneme pese gaçyp, 1 amerikan dollary 12,20 – 12,40 manatdan satyn alnyp, 12,60 – 12,80 manatdan hem satylýar.

Şol bir wagtda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan “gara bazaryň” söwdagärleri dollary satyn alýandyklaryny, ýöne köplenç ony yzyna satmajak bolýandyklaryny aýdyp, dollaryň has-da gymmatlamagyna garaşylýandygyny belleýärler.

“Biz elimizdäki dollarlary diňe käbir müşderilerimize satýarys. Mümkin boldugyndan, dollary satman saklajak bolýarys. Sebäbi dollaryň ýene gymmatlajakdygy barada gürrüňler bar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran “gara bazarda” dollar söwdasyny edýän söwdagär aýtdy.

Azatlygyň Balkandaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu welaýatda hem dollaryň “gara bazardaky” nyrhy gün-günden ýokarlanýar. 8-nji fewralda Balkanabat şäherinde dollar söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 12 manat 60 teňňeden satyn alsalar, 13 manat 10 teňňeden hem satýarlar.

Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanýan we onuň “gara bazardaky” nyrhynyň bolsa barha ýokarlanýan wagtynda, ýurtduň bazarlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahalary hem yzygiderli ýokarlanýar.

“Orsýetden ýa-da Gazagystandan getirilýän süýt-gatyk önümlerinden “Bio” ýogurdyň bahasy öň 14 manada barabardy. Häzir şolar 24 manada çenli gymmatlapdyr. Et önümleri-de hem gymmatlady, hem-de azalýar. Elbetde, bazar administrasiýasynyň talaby esasynda diýlen bahany ýazyp goýýarlar. Ýöne 18 manatdan etiň satylýan ýeri ýok, etleriň bahasy 23 manada ýetdi” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Galyberse-de, bu gymmatlamalaryň ýurtda söwdanyň peselmegine we käbir regionlarda söwda nokatlarynyň, dükanlaryň we bazarlaryň düýpden ýapylmagyna getirendigini Azatlygyň ýerli habarçylary aýdýarlar.

Şeýle bazarlaryň biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden 80 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýän iki gatly “Belek bazary” bolup, bu söwda nokady ortaça bäş gün ozal ýapyldy.

“Harytlar alynanok, adamlar gymmat görýärler. Üstesine-de, harytlar Belek şäherçesiniň özünde öndürilmeýär. Olar Türkmenbaşynyň, Balkanabadyň ýa-da Aşgabadyň bazarlaryndan lomaý getirilýärdi. Olara özümiziň çykdajymyzy hem-de bähbidimizi üstüne goşup satýardyk. Häzir benziniň, dollaryň we harytlaryň gymmatlamagy söwdany bütinleý ýatyrdy” diýip, “Belek bazarynda” söwda-satuw işleri bilen meşgul bolan balkanly telekçi aýdýar.

Şol bir wagtda, ýurtda un gytçylygy hem dowam edip, ýurduň dürli welaýatlarynda, şol sanda Daşoguzdaky döwlet dükanlarynyň käbiriniň öňünde, adamlaryň uly nobatlary emele getirip, un satyn almaga synanyşýandygyny, ýerli çeşmelerimiz habar berýärler.

“Etrap merkezinde ýerleşýän, öň uzak günde 10-12 adamdan köp gelmeýän un satylýan dükany göremde, bu ýerde täze bazar açyldymyka öýtdüm. Un nobatynda adam şeýle köp” diýip, efirde agzalmazlygyny soran Daşoguzdaky çeşmämiz aýdýar.

Bu gymmatlamalar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri häzire çenli dymyp gelýärler. Munuň tersine, ýurduň “bedew bady” bilen öňe barýandygy, halkyň “eşretli durmuşda” ýaşamagy üçin “ähli şertleriň” döredilýändigi barada reportažlar görkezilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG