NATO-nyň Owganystandaky Aýgytly goldaw missiýasy regional harby ýolbaşçylaryň Kabulda geçirilen iki günlük konferensiýada terrorizme we neşe söwdasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmegi wada berendigini mälim etdi.
Missiýanyň metbugat-wekili Tom Gresback “12 ýurduň goranmak resmileri regionda terrorizme garşy göreşe taýýarlygyny tassykladylar we neşe gaçakçylygy hem beýleki serhetaşyr aladalar boýunça işleşmegiň ýollaryny maslahat etdiler” diýip, 14-nji fewralda AÝ/AR-na aýtdy.
Pakistan ýurtda söweşiji toparlaryň hereket edýändigi sebäpli Owganystanyň we ABŞ-nyň resmileri tarapyndan basyşa sezewar bolýar. Pakistan goňşy Owganystana hüjüm edýän söweşijilere pena berýändigi barada öz adyna edilýän aýyplamalary ret edýär.
Şol bir wagtda-da Brusselde ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi Pakistany “Talybanyň” “duşmançylykly hereketlerini bes etmek üçin ABŞ, NATO bilen işleşmäge” çagyrdy.
Kabulyň günbatar ýurtlary tarapyndan goldanýan hökümeti 2014-nji ýylda NATO-nyň goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagyndan soň “Talybana” we beýleki söweşiji toparlara garşy öz güýji bilen göreşýär.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?