Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy dowam edýär


Aşgabadyň "Mir" bazary
Aşgabadyň "Mir" bazary

Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalarynyň gün-günden ýokarlanýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Satyjylar bahalaryň ýokarlanmagyny dollaryň bazar bahasynyň ýokarlanmagy bilen düşündirýärler. Muňa garamazdan, ýerli azyk önümleri hem gymmatlamagyny dowam etdirýär.

Munuň sebäplerini mal iýmleriniň, aýratyn-da, kepegiň, sarunyň gytalmagy, olaryň döwlet bahalarynyň ozalkysyndan ýokarlanmagy bilen düşündirýärler. Üstesine benziniň bahasy hem 50 % ýokarlandy. Bu bolsa önüm öndürijilere ýaramaz täsir edýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Maral atly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, Aşgabatda iň bir arzan hasaplanýan lomaý bazar bolan ‘Altyn asyr’ bazarynda soganyň bir kilosynyň bahasy 5 manat 50 teňňe bolupdyr. Hususy dükanlarda soganyň bir kilosy 6-7 manatdan satylýar. Kartoşka ozal 2 - 2-50 manatdan bolsa, şu günki gün lomaý söwda bazarynda 3, 60 manatdan satylýar. Bir kilogramy 4-5 manat bolan almadyr mandarinler şu günler lomaý söwda bazarynda 6-8 manat aralygynda satylýar. Bir kilogramy döwlet bahasy 5 manat bolan şeker lomaý söwda bazarynda 6 manatdan, hususy dükanlarda 7 manatdan satylýar. 200 gram agramy bolan, daşary ýurtda öndürilen ‘Prezident’ atly mesge ýagynyň bahasy öň 8, 50 manat bolsa, häzir 17 manatdan satylýar.

Şeýle baha ýokarlanmagy ‘8 Ýap’, ‘Saba’ atlandyrylýan miwe suwlarynda hem görünýär. ‘Arçalyk’, ‘Berzeňňi’ ýaly 1,5 litr plastik gaplara gaplanan gazly suwlaryň hem bahalary 33 teňňä çenli ýokarlandy.

Indi bir ýyldan gowrak wagt bäri döwlet ýolbaşçysynyň ilaty özümizde öndürilýän gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek barada berýän görkezmelerine seretmezden, jogapkär adamlar hatda sogan, kartoşka bilen hem ýurdy üpjün edip bilmeýärler. Ilaty biynjalyk edýän esasy zat, bahalaryň aýda ýa hepde-de däl-de, her günde ýokarlanyp durmagydyr. Şu gün alan bahaňdan ertesi barsaň, şol harytlar 20-30 teňňe ýokary bahalaýarlar.

Daşary döwletlerden getirilýän gök we bakja önümleriniň ornuny tutýan gök we bakja önümlerini özümizde öndürmek barada agyz dolduryp gürrüň edilse-de, özümizde öndürilýän pomidoryň hiliniň juda ýaramazdygyna hem ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

“Özümizde öndürilýän pomidory alanyňdan, Eýrandan getirilýän pomidorlary satyn alanyň has gowy. Bahasy gymmadrak bolsa-da, Eýrandan getirilýän pomidorlaryň tagamy has oňat. Özümizde öndürilýän pomidorlaryň hili ýylyň ýylyna ýaramazlaşýar” diýip, öý bikeleri aýdýarlar.

Türkmen telewideniýesinde her gün mahabatlandyrylýan azyk bolçulygnyň fonunda, azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanýandygy barada kelam agyz söz aýdylmaýandygyny, ujypsyz aýlygy maşgalanyň iýjegine ýa geýjegine ýetirip bilmän kösenýän hojalyklaryň sanynyň artýandygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG