Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna halkara guramalarynyň birnäçesiniň synçylarynyň gelmegine garaşylýar diýlip, resmi media habar berýär.
“Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinde saýlawlarda synçylar hökmünde öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny habar berdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de daşary döwletlerden garaşsyz synçylaryň gelmegine garaşylýar” diýip, 14-nji fewralda çap edilen resmi habarda bellenilýär.
Şeýle-de, häzirki güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de birleşiklerinden we raýatlar toparlaryndan 2963 synçynyň bellige alnandygy we olara degişli şahadatnamalaryň gowşurylandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek 24-nji ýanwarda başlanyp, olar 27-nji fewrala çenli bellige alnar.
Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlara halkara guramalary ýa garaşsyz synçylar tarapyndan bir gezek hem azat we adalatly diýlen baha berilmedi.