Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklaryndan krediti nagt aljak bolsaň, bank resmilerine ‘pul tölemeli’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda raýatlaryň döwlet banklaryndan özleri üçin elýeterli bolan käbir ýeňillikli kreditleri almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaklaryna dürli kynçylyklaryň döredilýändigi, has takygy, banklardan soralýan karz puluň algydaryň plastik kartyna geçirilmeli edilýändigi, muňa razy bolmadyk adamlardan nagt pul üçin belli bir mukdarda muzd talap edilýändigi öňe sürülýär.

Bu barada adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly bir ýaşaýjynyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, ol Türkmenistanda täze maşgala gurýan ýaşlara döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karz pul mümkinçiliginden peýdalanmak üçin ogluny nikadan geçirip, zerur bolan ähli resminamalary düzedip, agzalýan puly almak üçin, Aşgabatdaky “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankyna ugradypdyr.

Bu aralykda, gerekli resminamalary taýýarlamak üçin hem artykmaç çykdajylara sezewar bolandygyny aýdan aşgabatly ýaşaýjy, bankda özlerine haýyş edilýän puluň nagt görnüşde tölenilmeýändiginiň aýdylandygyny, eýsem karzyň algydaryň plastik kartyna geçirilýändiginiň mälim edilendigini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ozalam plastik kartyna geçirilýän zähmet hakyny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigini, şeýle-de toý harajatlary üçin puluň gyssagly zerurdygyny aýdyp, ol karz puluň nagt görnüşde berilmegini sorapdyr.

Bankda nagt görnüşinde tölegiň amala aşyrylmagy üçin, raýatyň ýüztutmasynda görkezilen 6 müň manat üçin 400 manat muzduň tölenmegi talap edilipdir. Muzda razylyk bildiren raýat, şondan soň döwlet bankyndan soran ýeňillikli puluny alyp bilipdir diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüňi edilýän wakany başdan geçiren we adynyň efirde anonim galmagyny haýyş eden aşgabatly ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik bankynyň resmi websahypasynda toý çäresini geçirmek maksady bilen berilýän “Toý karzynyň” möçberiniň 30 müň manada çenli ýetirilip bilinýändigi, karzyň gaýtarylmaly möhletiniň 3 ýyldygy we göterim derejesiniň ýyllyk 14 % - digi aýdylýar.

Öz gyzyna Köşüdäki “ýarym elita” atlandyrylýan jaýlardan satyn almakçy bolan beýleki bir aşgabatlynyň gürrüň bermegine görä, ol uzak möhletli ýeňillikli kredite berilýän bu jaýlaryň başky töleginiň, agzalýan jaýlary gurýan gurluşyk firmanyň talaby esasynda nagt görnüşde tölenilmeginiň özlerinden soralandygyny gürrüň berdi. Muňa çykalga hökmünde 20 müň manat karz pul üçin banka ýüz tutan ýerli ýaşaýjy, agzalýan mukdary almak üçin 2 müň manat pul serişdesini bankyň işgärlerine tölemeli bolandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda agzalýan ýagdaýlar barada Aşgabatdaky “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky bilen habarlaşanda, bankyň resmisi karz pullaryň diňe plastik kartlara geçirilýändigini tassyklady we soralýan krediti nagt görnüşinde almak üçin bankyň şahamçasyna baryp görmegi maslahat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň bank ulgamlarynda işleriň talaba laýyk alnyp barylmaýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygyna 2017-nji ýylyň dowamynda birnäçe gezek “käýinç” we duýduryşlar beripdi. Ýöne, muňa garamazdan, aýratyn-da soňky ýyllaryň dowamynda adamlar kartlaryndaky pullaryny ýurduň içinde we daşynda nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklara duçar bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

XS
SM
MD
LG