Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan daşary ýurtlarda pul çekmegi ýatyrmaga 'taýýarlanýarlar'


Stambuldaky bankomatlardan pul almaga synanyşýan türkmenistanlylar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň fewral aýynyň başynda welaýatlardaky bölümlerinde geçiren ýygnaklarynda daşary ýurtlarda plastik kartlardan nagt pul çekmegiň dolylygyna ýatyrylmagyna garalandygy habar berilýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň habarçysyna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndaky bölümleriniň işgärleri anonim ýagdaýda berdiler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýatlardaky şahamçalarynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, aprel aýynda daşary ýurtlarda plastik kartlardan pulyň nagtlaşdyrylmagynyň dolulygyna ýatyrylmagy üçin taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtyň özünde olar daşary ýurtlarda Türkmenistanyň banklaryndaky hasaplaryndan dürli usullar arkaly pul çekmäge synanyşyk edenlere garşy kanuny çäräniň görüljegini bildirýärler.

“Türkmenistanyň Merkezi banky aprel aýynda bank işlerinde käbir üýtgeşiklikleri girizmäge taýýarlanýar. Giriziljek üýtgeşiklikleriň arasynda raýatlaryň daşary ýurtlarda plastik kartlar bilen puly nagtlaşdyrmagynyň doly ýatyrylmagy, raýatlaryň daşary ýurtlarda öz bank hasabyndan dürli ýoldan pul almagynyň gadagan edilmegi we muňa synanyşyk edenleriň kanuny jogapkärçilige çekilmegi, studentleriň okuw puluny gönümel Türkmenistanyň Merkezi bankynyň uniwersitetiň hasabyna ýatyrmagy ýaly täze düzgünler bar” diýip, Azatlyga berlen maglumatlarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, aprel aýynda ýola goýuljak täze düzgün bilen daşary ýurtlarda hiç kim plastik bank kartlaryndan puly nagtlaşdyryp bilmez; daşary ýurda gidýänlerden ol ýerde türkmen banklaryndaky hasaplaryndan pul çekmek barasynda hiç hili synanyşyk etmejegi hakynda ýörite dilhat bermegi talap ediler; şondan soň daşary ýurtlarda Türkmenistandaky bank hasaplaryndan pul almaga synanyşyk etmek kanuny bozmak hasaplanar we şoňa görä raýatlar jogapkärçilige çekiler.

“Daşary ýurda söwda gidýänler bolsa, ýurtdan ýany bilen nagt pul äkitmeli bolarlar” diýip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Lebap welaýatyndaky şahamçasynyň işgäri Azatlyga gürrüň berdi.

Ýatladýarys, ýanwar aýynda Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň VISA plastik kartlarynyň işläp başlamagy üçin ýörite resminamany talap edýändigi habar berildi. Täze girizilen düzgüne görä, VISA kartynyň eýesi Migrasiýa gullugyndan ýörite hat almaly we soň ol haty hem Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna bermeli.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Merkezi banky yzgiderli ýagdaýda daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmak düzgünine üýtgeşiklik girizýär. Munyň netijesinde geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri daşary ýurtlarda VISA plastik kartlaryny nagt we nagt däl amallar üçin ulanmakda kynçylyk çekilýär. Hatda daşary ýurtlarda türkmenistanly raýatlaryň bank kartlaryndan hiç hili pul çekip bilmeýän halatlary hem boldy.

Beýleki tarapdan, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplary Azatlyk Radiosy bilen gürleşip, VISA plastik kartlaryndan maliýe serişdeleriniň nagtlaşdyrylmagynyň togtadylmagy sebäpli özleriniň agyr ýagdaýa düşendigini, hatda çörek almaga hem pullarynyň galmandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda dollar söwdasyna we daşary ýurtlara ugradyp bolýan maliýe serişdelerine girizilen çäklendirmelerden soň, VISA kartlary ýurduň daşynda pullary ulanyp bolmagyň ýeke-täk ýoly bolup galypdy. Emma häzir türkmen hökümeti bu mümkinçiligi hem böwetläne çalym edýär.

Türkmenistanyň döwlet resmileri hem mediasy daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň, migrantlarynyň we talyplarynyň pul çäklendirmesi zerarly başdan geçirýän kynçylyklary barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Türkmenistanly degişli resmilerden bu ugurda nähilidir bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG