Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky gazak biznesmeni bankyň başlygyny öldürdim diýýär


Nursoltan Nazarbaýewiň tankytçysy Muhtar Abliýazow
Nursoltan Nazarbaýewiň tankytçysy Muhtar Abliýazow

Tussaglykdaky gazak biznesmeni 2004-nji ýylda aw mahalynda bir bankiri öldürendigini boýun aldy we bu işi gaçgaklykdaky tütjar we prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gaýduwsyz tankytçysy Muhtar Abliýazowyň buýrugy boýunça edendigini aýtdy.

Geçen ýyldan bäri zorlap pul almak we bikanun ýarag saklamak aýyplamasy bilen üç ýyllyk türme tussaglygny çekýän Murathan Tokmadi 16-njy fewralda, Taraza şäherinde adam öldürmek boýunça sud seljerişligi başlananda, özüniň günäkärdigini aýtdy.

Häkimiýetler Ýeržan Tatişewiň, “TuranAlem Bankyň” başlygynyň 2004-nji ýylda, Tokmadi bilen aw awlaýan mahalynda kellesinden atylan bir okdan ölendigini aýdýarlar.

Tatişewiň ölümi şol wagt atdanlykda bolan iş diýip görkezildi we Abliýazow bankyň başlygy boldy.

Gazagystan, Orsýet we Ukraina tarapyndan gözlenilýän we 5 milliard dollar çemesi pul ogurlamakda güman edilýän Abliýzow 2009-njy ýyldan bäri daşary ýurtda ýaşaýar.

Ol özüne bildirýän ogurlyk aýyplamalaryny we Tokmadä adam öldürmegi buýrandygy barada aýdylýanlary “ýalançylyk” diýip atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG