Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda we Ahalda un zawodlary barlanýar


Un. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň işgärleri Daşogzuň Köneürgenç we Ahalyň Bäherden etraplaryndaky un zawodlarynda barlaglary geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Ahal we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary we çemeleri Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrliginiň hem-de agzalýan etraplardaky un zawodlaryň käbir jogapkär resmilerine salgylanyp, barlaglaryň geçen hepdäniň ortalaryndan bäri dowam edýändigini aýdýarlar.

“Ýurduň däne saklanylýan ammarlaryndan un öndürilýän zawodlara näçe mukdarda un berlipdir? Şonda şertnama baglaşylypdyrmy ýa-da baglaşylmandyrmy? Haýsy senede eltilipdir? Öndürilen un nirä iberilipdir? Haýsy welaýatlaryň Alyjylar jemgyýetlerine ugradylypdyr? Ýa-da döwlet bilen şertnamasy bar bolan uly firmalara berlipdirmi? Şular barlanýar. Onsoň döwlet ammaryndan eltilen däne bilen öndürilen unuň mukdary deň gelýärmi? Şertnama esasynda ugradylypdyrmy ýa-da gapdalyndan ‘el egrilik edilipdirmi?’ Şu ýagdaýlar ýiti öwrenilip, derňelýär” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu barlaglar Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň işgärleri we ýurduň Baş prokuraturasy tarapyndan amala aşyrylyp, oňa bu edaralaryň welaýatlardaky müdirlikleri gatnaşman, diňe Aşgabatdaky düýp edaralary resmileri gatnaşýarlar.

Aýdylmagyna görä, bu barlaglaryň geçirilmegine ýurtda emele gelen un gytçylygynyň yz ýany, Daşogzuň we Marynyň käbir hususy dükanlarynda we hojalyklarda geçirilen barlaglaryň netijesinde “bikanun ýollar bilen satyn alnandygy aýdylýan” onlarça halta unuň üstüniň açylmagy sebäp bolupdyr.

“Şol unlaryň [diňe] hususy dükanlarda-da däl, hatda belli-belli öýlerde satylýan halatlarynyňda ýüze çykarylandygyny aýdýarlar. Şonda käbir öýlerden 15 haltadan 30 halta çenli un tapylyp, olaram halka has ýokary, gymmat bahadan satmak üçin eltilen un diýip aýtdylar” diýip, Bugaýew belledi.

Şeýle-de, häzirki wagt barlaglaryň dowam edýändigini we ýagdaýlaryň derňelip, aktlaşdyrylýandygyny, agzalýan zawodlaryň adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir jogapkär resmileri aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy we ýurduň Baş prokuraturasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Ýöne bu maglumatlar Daşogzuň Ruhybеlеnt etrap häkimliginiň regionda indi geçen ýylyň ikinji ýarymyndan bäri dowam edýän un gytçylygyna täzе çözgüt tapmagyň aladasyny edýändigi baradaky habarlardan bir hepde çemesi wagt soňa gabat geldi.

“Bu täze çözgüt gurply ýa-da özüni oňarýan adamlaryň öýlеrindе barlag gеçirip, maşgala agzalarynyň alada edip, köpräkden alyp goýan unlaryny konfiskasiýa etmegi öz içine alýar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly çeşmämiz 12-nji fewralda habar beripdi.

Azatlygyň ýene bir çeşmesi bolsa, dükanlarda satylýan unuň hem norma esasynda, ýagny maşgaladaky adam sanyny nazarda tutmak bilen goýberilmeli edildendigini tassyklaýar. “Maşgaladaky her adam başyna aýda 5 kilogram un satylmaly edildi” diýip, ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda geçen ýyl bugdaý plany dolunmady we hökümet ýurduň azyk howpsuzlygy boýunça ýörite komissiýa döretdi, emma bu komissiýa un gytçylygy ýa ammarlardaky un, bugdaý ätiýaçlary barada häzire çenli hiç bir düşündiriş bermeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG