Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly bagbanlara öz hasaplaryna bir aý dynç almaly boljagy duýdurylýar


Baglara esewan edýän işçiler

Aşgabatda käbir ministrliklere degişli edara-kärhanalaryň işgärlerine ýylyň dowamynda bir aýlap öz hasabyňa dynç almaga çykmak barada görkezme berlip başlandy.

Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, onuň işleýän tokaý hojalygy edarasynyň emeldarlary (nebit-gaz konsernine degişli) tokaý hojalygynda işleýän bagbanlaryň şu ýyldan başlap ýylyň dowamynda öz hasaplaryna 10 günden üç gezek dynç almaga çykmaly boljakdyklaryny duýdurdylar.

Bu täze düzgüne öz nägileligini bildiren Işgärlere emeldar elindäki gazeti görkezip, döwlet ýolbaşçysynyň gol çeken karary esasynda şeýle düzgüniň girizilýändigini aýdypdyr.

Emma şol bir wagtda ol gazetiň haýsy gazetdigini, onuň senesini ýa onda çap edilen karary işçilere açyp görkezmändir.

Ozal hem ujypsyz aýlyk bilen zordan güzeran aýlaýan işçiler bu bildirişiň özlerine juda ýaramaz täsir edendigini aýdýarlar.

“Seniň maşgalaň güzerany, alýan aýlygyň bilenmaşgalaňy kadaly ekläp bilýärmiň ýa kynçylyk çekýärmiň- bu zatlar bilen gyzyklanýan emeldar ýok. Gara azap bilen gazanç edýän işçileriň hem rysgyny agzyndan kesmegiň ugryna çykdylar” diýip, işçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň dowamynda nebit-gaz konsernine degişli edara-kärhanalaryň işgärleri uzak ýyllar peýdalanyp gelen ýeňilliklerinden mahrum edildi.

Ýatyrylanýeňillikleriň arasynda edara-kärhanada işleýän işgär aradan çykan halatynda onuň maşgalasyna berilýän maddy kömek, dynç alşa çykan işgärleriň kärdeşler arkalaşyklaryna ýüz tutup alýan kömek pullary, ýylyň dowamynda ol ýa-da beýleki görnüşde berilýän sylaglarwe goşmaça tölegler hem bar.

“Indi bolsa, ozalky kesilen ýeňilliklermizi az görýän ýaly, biziň gazanjak aýlyk haklarymyza hem çäklendirme girizip, bizi mejbury tölegsiz dynç alşa gitmäge taýýarlaýarlar. Bir aýlap kesiljek aýlyk hakymyz elimize gelmese, maşgala gum ýalatmalymy? Bu zatlar haýsy akylsyz emeldardan gelip çykýarka?” diýip, işçi janygýar.

Şeýle-de işçi tokaý hojalygy edarasyndaky brigadirleriň käbiriniň işçilere hormat goýman, olara isledikleriçe gödek daraýandygyny sözüne goşdy.“Bir zerur işiň çykyp,ýarym gün ýa 3-4 sagatlyk rugsat sorasaň, ol rugsat birde berilse, birde berilmeýär” diýip, ol aýtdy.

Rugsat berläýen halatynda hem özüňe berlen gündelik normaňy ýerine ýetirmeli, şoňa razy bolanyňda-da rugsat almak kyn. Emma brigadire 20-manat pul berseň, ol rugsat berilýär.Pul bermän rugsat sorap, brigadir bilen konflikte girseň, onda seniň geljekdäki iş şertleriň agralýar. Seni ýaşyňa-beýlekä seretmän, işiň iň agyr uçastoklaryna ugradýarlar. Özüňi işi taşlap gitmek derejesine çenli ýetirýärler diýip, azatlyk radiosy bilen gürleşen işçi zeýrendi.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylda “Türkmengeologiýa” ylmy barlag institutyna degişli işgärleriň hem iş günlerini günaşa geçirlip, ozalky aýlyk haklarynyň ýarym stawka geçirilmegi ýalytäzelik girizildi.

Şol bir wagtda, işgärleriň ozalky ýerine ýetirýän zähmet borçlary ozalkylygyna galdyryldy.

Dolulygyna ştat kemeltmelere düşürilip, eklençsiz galmakdan howatyr edýän ýaşaýjylar resmiler ilatyň bähbidine bolmadyk hokgalary çykaranda hem alaçsyz boýun bolýar diýip, anonim şertde gürleşen işçiler gürrüň berýär.

Sebäbi, olaryň tassyklamagyna görä, arz edip barara gapy ýok we bu edilýän bikanunçylyklaryň aňyrsynda has ulyrak emeldarlar durýar,arza-şikaýat etseň ozalky günüňden hem aýrylmagyň mümkin diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly bagban aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG