Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda un bar, emma öňünden aladasyny etmeli we nobata durmaly


Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky un dükany.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri Türkmenistanyň regionlarynda un, çörek aladalarynyň barha ýiti duýulýandygyny habar berýärler.

Soňky gelip gowşan maglumatlara görä, Daşoguzdaky dükanlara un almaga gelen alyjylara, maşgaladaky uly adamlary nazara alyp, her adama 5 kilogram satylýar, emma maşgaladaky çagalar hasap edilmeýär.

Azatlyk radiosy bu maglumaty anyklamak üçin başga bir çeşmä ýüz tutanda, “Bu hakykatdanam şeýle, bu günler 2008-nji ýylda un zawodyndan çykan, ulanylmak möhleti geçen, ysly unlary berýärler, ýöne şol berilýän 5 kilogram uny almak üçin hem azyndan 5 edaradan güwänama getirmeli, soňra nobatyň ýetýänçä 15-20 gün garaşmaly diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.

Emma un gytçylygy Mary welaýatynda edil Daşoguzdaky ýalyýiti däl bolarly.

“Biziň welaýatymyzda beýle däl. Uny haltasy bilen berýärler. Ýöne nobat boýunça. Her hojalyga bir halta un berilýär” diýip, Azatlygyň Marydaky çeşmesi habar berdi.

Şol bir wagtda, Maryda hem un nobatlarynyň uzyndygy, nobatyň ýetýänçä esli garaşmaly bolýandygy, şu sebäpden öýdäki un haltaň ýarty bolanda, derrew unuň ugruna çykmalydygy aýdylýar.

“Men öz towereklerimizde unuň kilogramlap satylýan ýerine duşmadym, ýöne nobat berk tutulýar. Her hojalykbaşynyň ady nobat sanawyna ýazylýar we ol gezegi gelende bir halta un almaly. Şu sebäpden, öýde un azalyp başlandan gelip, un nobatyna durmaly, ýogsa çagalaryň aç galmagy gaty mümkin” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Azatlygyň regionlarda çeşmeleri un meselesinde girizilýän düzgünleriň ýerlerde bolup geçýän wakalara görä, her ýerde öz ýagdaýyna laýyklykda, tiz-tizden üýtgäp durýandygyny habar berýärler.

“Ortaça bir maşgalada 4-5 adam ýaşaýar, şol dört-bäş adam çeni bilen hem her maşgala bir halta, ýagny 50 kg un berilýär. Eger maşgalanyň adam sany köp bolsa, ýagny olar 10-12 töweregi bolup, berlen un ýetmejek bolsa,muny aýdyp,2 halta un hem alyp bilýär” diýip, Azatlygyň marydaky çeşmesi habar berdi.

Şeýle-de ol, eger-de un ýetmän ýa azrak bolup, dawa döräp başlan ýagdaýynda onuň paýlanyşynyňwe gözegçiliginiň üýtgedilýändigini gürrüň berdi.

“Golaýymyzdaky un dükanynda nobata duran adamlar uny haltasy bilen alyp gidýärler, olardan maşgalaňda näçe adam bar diýip sorýan ýok diýseňem boljak, men beýle zada duşmadym” diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de çeşme Maryda un nobatyna duranlaryň köpüsiniňbir halta un alyp gidýändigini, sebäbi bir halta unuň on adamly maşgala hem bir aýa golaý ýeterlik bolýandygyny belledi. Şol bir wagtda ol, edil häzir iýjek ununy az görenleriň ýene un almaga mümkinçiliginiň bardygyny, ýagny olaryň un tapjakdygyny sözüne goşdy.

“Men unuň nobatyna durup görmedim, ýöne nobata durup alýanlaryň uly aladasy nobatda duran adamlaryň köpligi, una, nobatyň ýeterine köp garaşmaly bolýandygy” diýip, maryly çeşme aýtdy.

Ýöne çeşme ýokary hilli unuň gytdygyny, gowy unlary gerek wagty tapmagyň barha kynlaşyp barýandygyny hem tassyk etdi. “Köplenç 1-nji sort, ýagny ikinji hilli un köp satylýar, “wişşiý” atlandyrylýan un dükana seýrek gelýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda ilatyň arasyndaky un aladalary geçen ýylyň aýagynda güýçlenip başlady.

“Indi esli wagt bäri dükana baran badyňa un satyn alyp bolanok, sebäbi nobatyň ýetmese,dükandan un almak mümkin däl, şonuň üçin öňinden aladasyny etmeli bolýar” diýip, ýaşaýjylar Azatlygyň habarçylaryna aýdýarlar.

Bu ýagdaý dükandan uzakda ýaşaýanlar üçin has känkynçylyk döredýär, sebäbi olar nobaty ýeten wagtynda dükanda bolmasa, täzeden nobata ýazylmaly bolýar, un nobatyna barha känwagt gidýär diýip, Azatlygyň başga bir çeşmesi aýtdy.

“Adamlaryň un nobatynda basa-bas bolup ýörüşlerini görüp, şunuň ýaly ýerlere aňrujy ýagdaýym bolsa barmajak bolýan, bu ruhy ýagdaýyňa hem ýaramaz täsir edýär” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistan geçen ýyl göz öňünde tutulan bugdaý hasylyny alyp bilmedi we häzirki un gytçylygy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtdaky ykdysady kynçylyklary nazarda tutup, import harytlary azaltmak, eksport önümlerini köpeltmek syýasatyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG