Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemsowyň öldürilmeginiň üçünji ýyldönümi bellenilýär


Atylyp öldürilen orsýetli oppozision syýasatçy Boris Nemsowyň öňki dostlary, kärdeşleri we tarapdarlary 27-nji fewralda onuň öldürilmeginiň üçünji ýyldönümini belleýärler.

Oppozision syýasatçy Ilýa Ýaşiniň aýtmagyna görä, Moskwanyň “Saharow” merkezinde bu mynasybetli çäre geçirilip, şol ýerde Nemsowyň durmuşynyň dürli döwürlerine degişli suratlar sergä goýlar.

Ýaşin çärä gatnaşyjylar “Meniň Dostum, Boris Newsow” dokumentalyna tomaşa edip, onuň häzir Germaniýada ýaşaýan gyzy Žana Nemsowanyň ýazga geçirilen beýanatyny diňläp bilerler diýdi.

Ýaşiniň bildirmegine görä, üýşmeleň Nemsowyň 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda atylyp öldürilen ýeri bolen Moskwa köprüsinde ýerli wagt bilen sagat 10 töwereginde bolup, merhumuň hatyrasyna bir minut dymyşlyk geçiriler.

25-nji fewralda Moskwada, şeýle hem Orsýetiň beýleki şäherlerinde müňlerçe adam prezident Putiniň gaýduwsyz tankytçysy bolan Nemsowy ýatlap ýöriş geçirdiler.

Geçen ýylyň iýul aýynda Moskwanyň bir kazyýeti Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony çeçenistanly bäş adamy Nemsowy öldürmekde günäli tapyp, olara uzak möhletli türme tussaglygyny berdi.

Ýöne Nemsowyň garyndaşlary we ýaranlary onuň ýokardan berlen buýruk boýunça öldürilendigini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti Nemsowyň öldürilmeginiň ýyldönümi mynasybetli 26-njy fewralda çykaran beýannamasynda Orsýeti “uniwersal adam hukuklaryny, şol sanda söz azatlygyny, parahatçylykly üýşmeleňleri we birleşik azatlygyny goramak we ösdürmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge” çagyrdy.

Departamentiň sözçüsi Heater Nauert Orsýet “[Nemsowyň öldürilmeginde] eli bar adamlaryň hemmesiniň, şol sanda ony gurnanlaryň ýa ony buýranlaryň-da kazyýet öňüne getirilmegini üpjün etmeli” diýdi.

Üstümizdäki aý Waşington şäheriniň ýerli hökümeti ors ilçihanasynyň ýerleşýän köçesiniň adyny üýtgedip, merhumyň hatyrasyna oňa Nemsowyň adyny dakdy. Orsýet hem bu göçüme nägilelik bildirdi.

Boris Nemsowyň Azatlyk fondunyň başlygy Wladimir Kara-Murzanyň 6-njy fewralda aýtmagyna görä, Wiskonsin köçesiniň adynyň Boris Nemsow Plaza diýlip üýtgedilmegi baradaky resmi dabara 27-nji fewralda geçiriler.

XS
SM
MD
LG